Haýyr-sahawatyň, päkligiň hem-de asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýratyn ahmiýete eýe boldy. Beýleki aýlara görä, sahawatly işleriň has köp amal edilýän bu aýynyň eýýäm 13 güni yzda galdy. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan mübärek Oraza aýy halkymyzyň däp-dessurlaryny hem-de pähim-paýhasyny, medeni we ruhy mirasymyzy özünde jemleýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Oraza aýy Hilalyň görünmegi bilen başlanýar. Onda ylmyň häzirki zaman gazananlaryny-da ulanmak indi asylly däbe öwrüldi. Häzirki zaman astronomiýa ylmy Aýyň we Günüň hereketlerini takyk görnüşde kesgitläp bilýär. Hatda astronomik hasaplamalar netijesinde, namaz wagtyny görkezýän birnäçe ýyllyk kalendarlar hem taýýarlanýar. Şol kalendara görä, amal etmek hem dürsdür. Ýöne astoronomik hasaplamalara görä, remezan kalendary kesgitlenilse-de, adatça, Aý görünse has gowy bolýar. Şeýlelikde, sünnet sogaby hem gazanylýar.
Oraza aýyna mahsus bolan agzaçar sadakalary jemgyýetde agzybirligi güýçlendirýär. Şonuň üçin bu aýda adamlar köpräk agzaçar berip, dost-ýarlaryny, dogan-garyndaşlaryny bir ýere jemläp, agzybirligiň hem-de bitewiligiň ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirýärler. Yslam dininde agzaçar sadakasyna uly ähmiýet berilýär. Pygamberimiziň hadysynda bu barada şeýle diýýär: “Bir kişi Remezan aýynda agzyny beklän bir orazala agzaçar berse, günäleri bagyşlanar. Haktagala ony dowzah odundan halas eder. Oraza tutanyň sogabyna barabar sogap ýazylar.”
Ýokarda agzalan hadysa esaslansak, Oraza aýynda agzaçara aýratyn ähmiýet beripdirler. Dost-ýar, dogan-garyndaş, goňşy-golam bir-birlerini agzaçara çagyrypdyrlar we bu çakylyklar musulmanlaryň bitewiligini güýçlendiripdir.