14-nji iýun­da ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­den hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy, şol ýer­de BMG-niň Ştab-kwar­ti­ra­sy ýer­leş­ýär. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan eý­ýäm bä­şin­ji ge­zek Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­si­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­ýar. Bu hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek mil­li Li­de­ri­mi­ziň oňyn stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şol hyz­mat­daş­lyk bol­sa, stra­te­gi­k hä­si­ýe­te eýe­dir. Dä­be öw­rü­len şol gat­na­şyk­lar top­la­nan baý tej­ri­bä da­ýa­nyp, tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. BMG hem-de onuň iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry we dü­züm­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň iş­le­rin­de iş­jeň orun eýe­le­ýän­di­gi, tu­tuş adam­za­dy tol­gun­dyr­ýan wa­jyp me­se­le­le­ri çöz­mä­ge anyk ýar­dam ber­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir.
Ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ýa­ly, bu ga­ra­ýyş hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň äh­lu­mu­my gol­da­wy­na eýe bol­dy. Ga­raş­syz hem Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň in­di en­çe­me ge­zek BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­ri­niň, şol san­da 58-nji, 62-nji, 64-nji we 68-nji mej­lis­le­ri­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mun­dan baş­ga-da, soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ti­miz köp ge­zek bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ab­raý­ly dü­züm­le­ri­niň hem-de yk­dy­sa­dy eda­ra­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­dy. Bu­la­ryň äh­li­si Türk­me­nis­tan-BMG gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy­na we ola­ryň uzak möh­let­le­ýin gel­je­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Soň­ky on­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len bi­le­lik­de, ozal­ky iki bäş­ýyl­lyk Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, dür­li ul­gam­lar­da 264 tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­ren­di­gi bel­lär­lik­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de döw­le­ti­mi­ziň iş­jeň orun eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­dyň­lyk bi­len tas­syk­la­ýar. Şol baş­lan­gyç­lar bol­sa, mö­hüm ugur­lar­da, şol san­da äh­lu­mu­my ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we köp­şa­ha­ly ulag-üs­ta­şyr dü­züm­le­ri dö­ret­mek ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mä­ge ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Olar BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te ka­rar­na­ma­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz en­çe­me ge­zek iri hal­ka­ra fo­rum­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ola­ryň gün ter­ti­bi­ne hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Şu ýyl bol­sa, Aş­ga­bat­da dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji Äh­lu­mu­my mas­la­hat ge­çi­ri­ler. Mu­nuň özi hem Wa­ta­ny­my­zyň dü­nä gi­ňiş­li­gin­de ab­ra­ýy­nyň has-da art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­si­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze mö­hüm tap­gy­ry ala­mat­lan­dyr­ýar. Şol gat­na­şyk­lar bol­sa, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň hem-de dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär.