Bu oý­na­wa­jyň adynyň bi­ze nä­ta­nyş bol­ma­gy müm­kin. Ka­leý­dos­kop tur­ba gör­nüş­li op­ti­ki en­jam bo­lup, öz ara­la­ryn­da burç eme­le ge­tir­ýän te­kiz aý­na­nyň ýag­ty­ly­gy ser­pik­dir­me­si ar­ka­ly şe­kil­le­ri gör­kez­ýär. Ka­leý­dos­kop­da gö­rün­ýän na­gyş­la­ryň muk­da­ry en­ja­myň için­de otur­dy­lan iki­den dör­de çen­li ýa-da on­dan hem köp bol­ýan aý­na bö­lek­le­ri­niň sa­ny­na bag­ly­dyr. Ka­leý­dos­kop tur­ba­sy­nyň bir ujun­da ýal­pyl­dy­syz aý­na we beý­le­ki ujun­da on­dan ki­çi­räk ýal­pyl­da­wuk aý­na oturdylýar. Tur­ba­nyň içi­ne, ýag­ny aý­na­la­ryň ara­lary­na dür­li ulu­lyk­da­ky gül­le­riň şe­kil­le­ri, mon­juk­lar, düw­me we baş­ga-da üýt­ge­şik şe­kil­ler ýer­leş­di­ril­ýär. Ka­leý­dos­ko­py ýag­ty­ly­ga bak­dy­ryp, onuň öň­dä­ki hal­ka­sy­ny towlamak bilen, şöhläniň birnäçe gezek ser­pik­megi ne­ti­je­sin­de ýer­le­ri­ni üýt­ge­dýän owa­dan sim­met­rik na­gyş­la­ry gö­rüp bol­ýar. Iň gy­zyk­ly ýe­ri hem, bir gö­ren na­g­şyň gaý­ta­lan­ma­ýar. Kleý­des­kop grek­çe­den ter­ji­me edi­len­de “owa­dan şe­ki­le se­red­ýä­rin” diý­me­gi aň­lad­ýar.
Şot­land fi­zi­gi De­ýwid Brýus­ter 1816-njy ýyl­da ýag­ty­lyk bi­len bag­ly ge­çi­ren tej­ri­be­si­niň do­wa­myn­da ka­leý­dos­ko­py oý­lap tap­ýar. XIX asy­ryň or­ta­la­ry­nda onuň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­ýar. Şol dö­wür­ler meş­hur­ly­gy has-da ar­typ, Ame­ri­ka­da hem ýaý­rap baş­la­ýar. 1870-nji ýyl­da ame­ri­kan aly­my Çarlz Buş Ýew­ro­pa­dan ge­ti­ri­len ka­leý­dos­kop oý­na­wa­jy­ny gör­ýär we tiz wagt­da ony döw­re­bap­laş­dyr­ýar. Onuň ýa­san ka­leý­dos­ko­py uly bol­ma­dyk ga­ra si­lindr bi­len agaçdan ýasalan ýö­ri­te aý­lan­ýan hal­ka­dan yba­rat bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, XX asyr­da ka­leý­dos­kop­lar ulu­la­ryň däl-de, ça­ga­la­ryň güý­men­je­si­ne öw­rül­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ka­leý­dos­kop­la­ryň ulu­lyk­la­ry we gör­nüş­le­ri üýt­ge­ýär. Hä­zir­ki wagt­da tur­ba gör­nü­şin­dä­ki ka­leý­dos­kop­lar iň go­wy oý­na­waç­la­ry­ň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň has ki­çi ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri hem bar. Ka­leý­dos­kop ça­ga­nyň reňk­le­ri saý­gar­mak uky­by­ny, duý­gu­la­ry­ny we dö­re­di­ji­lik­li pi­kir ýö­ret­me­le­ri­ni ös­dür­ýär.

Taý­ýar­lan Nar­gi­za Mel­so­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.