Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasy 2019-njy ýyly “Himiki elementleriň Halkara ýyly” (IYPT2019) diýip yglan edipdi. Şu ýyl rus himigi Dmitriý Mendeleýewiň elementleriň tablisasyny Rus Himiýa Bileleşigine hödürlemeginiň 150 ýyllygydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda durnukly ösüş we adamzadyň bähbitleri üçin himiki elementleriň tablisasyny öwrenmekde we açyş etmekde ösüş gazanylýandygy bellenildi. Şeýle hem, elementleriň tablisasynyň himiýa, fizika we biologiýa ýaly ylmyň durmuşy ugurlarynda giňden ulanylýandygy aýdylyp, geçiriljek çäreleriň ýaş nesliň arasynda bilime höwesi artdyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy. Himiýa ylmynda taryhda bolup geçen ösüşler hem ýatlanyldy. 2019-njy ýyly “Himiki elementleriň Halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklip hödürlenende, himiýanyň taryhynda bolup geçen ösüşler hem bellenildi. Esasan hem, 1200 ýyl ozal Jabir ibn Haýýan tarapyndan uly işleriň edilendigi, 350 ýyl ozal fosforyň tapylmagy, 1789-njy ýylda fransuz himigi Antuan Loran Lawuzýe tarapyndan gazlaryň, metallaryň, metal däl elementleriň we beýleki 33 sany himiki elementiň sanawynyň taýýarlanmagy, Mendeleýewiň tablisasynyň taýýarlanmagy we 1939-njy ýylda fransiýaly zenan himik Margarita Pereýiň fransiý elementini tapmagy ýaly esasy wakalar bellenip geçildi.
Ýylyň dowamynda dünýäniň dürli ýerlerinde ÝUNESKO-nyň hem-de Sap we amaly himiýanyň halkara bileleşiginiň (IUPAC) hyzmatdaşlygy bilen geçiriljek çärelere Ýewropa Himiýa we molekulýar ylym jemgyýeti (EuChemS), Ylym üçin halkara jemgyýet ( ICSU), Halkara astronomik bileleşik (IAU), Ylym we tehnologiýanyň taryhy we filosofiýasy bileleşigi (IUHPS) we dünýäniň 150 töweregi ýurdundan degişli guramalar goldaw berer.
Mendeleýewiň tablisasynda entek açylmadyk elementleriň ýeri boş goýulýar. Ýyllaryň dowamynda täze tapylan elementler degişli ýerlerinde goýlup, üsti ýetirilýär. Soňky gezek 2015-nji ýylyň ahyrynda dört sany täze element tablisa goşuldy.
Ýeri gelende aýtsak, himiki elementleriň tablisasyny has-da çuňňur öwrenmek maksady bilen smartfonlar üçin applikasiýalar hem taýýarlandy.