Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda geçirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyz wideoaragatnaşyk boýunça, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P. Agamyradowy çagyrdy. Wise-premýer orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamak baradaky Düzgünnamany taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga bilim ministri M. Geldinyýazow hem çagyryldy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler netijesinde, hususy pudak öz ösüşine eýe bolup, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde kiçi we orta kärhanalaryň sany artýar, jemi içerki önümde hem onuň paýy ýokarlanýar. Degişlilikde, hususy kärhanalarda orta we ýokary hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyk hem artýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny, şol sanda onuň döwlete dahylsyz bölegini işgärler bilen üpjün etmegiň wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere hem-de bilim ministrine geljegi nazara almak bilen, zähmet bazarynyň talaplary bilen baglylykda, uçurymlary işe ýollamak hakynda taýýarlanylan Düzgünnamanyň ähli bölümlerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P. Agamyradow “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesi boýunça hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz tebigy hadysalaryň töwekgelçiliklerini dolandyrmaga jogapkärli we düýpli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, ady agzalan maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminama şol wagtyň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugradyldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N. Amannepesowy çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän edarasynyň we onuň garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça ikinji halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Dünýäniň 50-den gowrak döwletinden hünärmenleriň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, BMG-niň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýan forumy şu ýylyň aprelinde geçirmek meýilleşdirildi. Ýokary derejeli maslahatyň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de degişli ugurda döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleler giriziler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Meredow şu ýylyň 10-12-nji fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek “Petrotech – 2019” atly halkara nebit we gaz sergisine hem-de maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu uly maslahata dünýäniň iri kompaniýalaryny Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak maksadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şunuň ýaly çäreleriň, ilkinji nobatda, tejribe alyşmak, maýa goýumlary hem-de täze tehnologiýalary çekmek, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýändigini aýtdy.
Soňra wideoaragatnaşyk boýunça “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy D. Hajyýew çagyryldy. Ol nebitiň çykarylýan mukdaryny hem-de uglewodorod çig malynyň gorlaryny artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň buraw turbalary satyn almak barada baglaşan şertnamasyny maliýeleşdirmek hakynda teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmennebit” döwlet konserniniň buraw turbalary satyn almak barada baglaşan şertnamasyny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Karar şolbada elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýer M. Meredowa ugradyldy. Soňra wideoaragatnaşyga “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M. Arçaýew çagyryldy. Ol TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Myradow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, gözegçilik edýän edaralary tarapyndan bahalary we nyrhlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri hakynda aýtdy.
Milli Liderimiz şol bir wagtda sanly wideoaragatnaşyga maliýe we ykdysadyýet ministri B. Bazarowy çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de bahalary emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklip edilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň döwlet toparlary tarapyndan taýýarlanylan teklipleri hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Hususan-da, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we beýleki maksatlar üçin, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bolsa, oba hojalyk we beýleki önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Çakyýew radioelektron serişdeler we ýokary ýygylykly enjamlar hakynda Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ministrlikler we edaralar bilen bilelikde degişli Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Şol Düzgünnama ýurdumyzyň çäklerinde radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň dolandyrylyşynyň we olara gözegçilik edilişiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Çakyýew Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda dokalmaýan matalaryň (Spansleýs) önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadyndaky önümçilik bölüminde ýylda 4 müň 200 tonna pagta süýüm galyndylary işlenilip, şonuň 250 tonnasyndan lukmançylyk we kosmetiki pamyk önümleri öndürilýär, galan bölegi bolsa daşary ýurtlara eksport edilýär. Şunuň bilen baglylykda, galyndylary işlemek hem-de daşary ýurtlaryň önümlerine mynasyp bäsdeş bolup bilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli dokalmaýan matany öndürmek boýunça önümçilik bölümini döretmek barada teklip aýdyldy.
Soňra hormatly Prezidentimize 2019-njy ýylda ýurdumyzyň sement zawodlaryna zerur bolan demir magdan çig malyny gazyp almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D. Amangeldiýew dürli desgalary gurmak üçin ýer böleklerini saýlap almak baradaky pudagara topary döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça energetika ministri Ç. Pürçekowyň hasabaty diňlenildi, ol Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamy çekmegiň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berdi. Hasabatyň çäklerinde bu iri taslamanyň gurluşygynyň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy habar berildi.
Taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň eksportuny, ozaly bilen, Owganystan Yslam Respublikasyna ugradylýan möçberini has-da artdyrmaga ýardam eder. Şol ýerde degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz ministrligiň ýolbaşçysyna işleriň möhletini we hilini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç. Gylyjow Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň aprelinde Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyran wagty gol çekilen iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Türkmen-özbek işewürler geňeşini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Iki ýurduň işewürler birleşmeleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, bilelikdäki maslahatlary we sergileri guramak bu geňeşiň esasy maksatlary bolup durýar. Şol çäreler türkmen önüm öndürijileriniň harytlaryny özbek bazarynda ýerlemäge hem-de telekeçiligi ösdürmäge ýardam eder.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Abdyýewa fewral aýynda geçiriljek çäreleriň we durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli fewral aýynda döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary, sahna oýunlarynyň görkezilişini, wagyz-nesihat çärelerini, mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa çagyryldy, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary babatda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň depginli ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagy dowam edýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Hökümetleriniň arasynda gazanylan döwletara ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, dürli derejelerde geçirilýän açyk, deňhukukly hem-de dostlukly syýasy gepleşikler we yzygiderli duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlise gatnaşan ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.