Ýurdumyzyň hususy pudagynyň amala aşyrjak iri taslamasy – Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň iri taslamasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylar. Awtoulag ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyryň dowamynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Işleriň şol tapgyrlarynyň soňkusy 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmalydyr.
Aşgabadyň golaýynda awtobanyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen dabara Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedow, hormatly ýaşulular gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Olar döwletimiziň okgunly ösüşe eýe bolan hususy ulgama uly ynam bildirýändigini we ony ýakyndan goldaýandygyny aýratyn bellediler.
Şeýlelikde, Türkmenistanda ýene-de bir giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek işi badalga aldy. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar. Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşer.
Awtobanyň ugrunda derýanyň üstünden geçýän köprüleriň 4-si, demir ýoluň üstünden geçýän köprüleriň hem 4-si, beýleki awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-si gurlar. Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelge ýoly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeleriň 76-sy, suw akabalary, zeýkeşleriň üstünden geçýän köprüler we beýleki desgalar gurlar.
Ýokary tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýoluň Aşgabat – Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda,Tejen – Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda we Mary – Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy hem-de “Hyzmat merkezi”, “Oguz ýol”, “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrarlar.
Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamany durmuşa geçirmäge döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürligi kemala getirmäge, onuň ösmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.