Ummanlaryň ýüzlerçe metr aşagynda entek ylym dünýäsine mälim bolmadyk syrlar az däl. Golaýda alymlar Kaliforniýa aýlagynyň günortasynda suwuň 3800 metr aşagynda täze ekoulgamy açdylar. Meksikanyň kenarýakasyndaky aýlaga Kortesa deňzi hem diýilýär. Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky bu deňziň käbir ýerleri ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna hem girizilipdi. ABŞ-ly we meksikaly hünärmenler suwuň aşagyndan gyzgyn suwuklygyň çogup çykýandygyny we onuň ýaşaýyş üçin amatly şerti döredýändigini anykladylar. Deňziň düýbünde 25 metrlik tümmejiklerden 287 derejä çenli gyzgynlykda suwuklyk çykýar. “Jaich Maa” atly bu ýerdäki suwuň düzüminde köp mukdarda bakteriýa bar. Bu bakteriýalardan iýmitlenýän birnäçe jandar ýaşaýar. Alymlar ony suwuň aşagynda ýokarlygyna akýan şaglawuga meňzedýärler. Şmidt Umman institutynyň hünärmeni Bekah Şepard bu ýerdäki suwuň temperaturasynyň 2 derejedigini aýdýar. Ýerli dilde suwuk metal diýmegi aňladýan “Jaich Maa” kenardan uzakda däl. Suwuň düýbündäki kislorod deňziň ýüzündäkiniň 1 göterimi ýaly. Muňa garamazdan, bu ýerde birnäçe jandaryň ýaşaýandygy hünärmenleri haýran galdyrypdyr. Ýokary basyş we kislorodyň azlygy ummanlaryň aşagynda ylmy barlaglary geçirmegi kynlaşdyrýar. Deňzi öwrenijiler täze robot tehnologiýasy arkaly ol ýeri öwrenmegi başardylar. Suwuň aşagyny öwrenmek üçin robotlaryň birnäçesi ýokardan dolandyrylmak arkaly peýdalanylypdyr. Ol ýerden jandarlaryň, mikroblaryň, daşyň we topragyň nusgalyklary alyndy. Şepard entek ol ýerde tapyljak täze zatlaryň boljakdygyna ynanýandygyny belleýär. Kaliforniýa Dawis uniwersitetiniň hünärmeni, geolog Robert Zýerenberg ummanyň çuňluklarynyň Gün ulgamyndaky az açyş edilen ýerleriň biridigini belleýär. Ol planetamyzyň kartasynyň Merkuriniň, Weneranyň, Marsyň ýa-da Aýyň kartasy ýaly takyk däldigini, sebäbi suwuň düýbüniň kartasyny çykarmagyň kyndygyny belleýär. 2015-nji ýyldan bäri alnyp barylýan ylmy-barlagyň netijeleri “Ecology” žurnalynda çap edildi.