Häzirki wagtda elektrokarlaryň bahasy adaty ýangyç çeşmeleri bilen işleýän ulaglardan gymmat bolmagynda galýar. Täze taýýarlanan maglumata görä, elektrokarlaryň bahasy 10 ýyldan hem gysga wagtdan benzin bilen işleýän motorly ulaglaryňky bilen deňleşer. “Deloitte” şereketiniň taýýarlan maglumatlaryna görä, batareýaly ulaglaryň bahasynyň gymmat bolmagy onuň ýaýbaňlanmagyna päsgel berýän iň esasy sebäp bolup durýar. Bilermenler elektrokarlaryň bahasynyň 2022-nji ýyldan deňleşip başlajakdygyna ünsi çekýärler. Şereketiň maglumatlaryna görä, Angliýada nebit ýangyçly ulaglaryň bahasy öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda elektroulaglar bilen deňleşer. Geçen ýyl dünýäde 2 milliondan gowrak elektroulag satylyp, ol 2017-nji ýyldakydan iki esse köp diýmegi aňladýar. Bu görkezijiniň indiki ýyl 4 milliona, 2025-nji ýylda 12 milliona, 2030-njy ýylda 21 milliona ýetjekdigi çaklanylýar. “Tesla”, “Polestar” we “Volkswagen” ýaly şereketleriň bu ulaglaryň bahasyny peseltmegi üçin edýän tagallalary satuwyň artmagyna getirer. Hökümetleriň berýän goldawy netijesinde we tehnologik ösüşler elektroulaglaryň bahasynyň peselmegine getirýär. “Deloitte”-niň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyllarda önümçiligiň artmagy bilen, her ýylda 14 million töweregi elektrokaryň öndüriljekdigi bellenilýär. “Morgan Stanley” maliýe edarasy hem 2028-nji ýyldan başlap, adaty ýangyçly ulaglaryň girdeji getirmejekdigini, 2038-nji ýylda elektroulaglaryň satuwynyň bu ulaglardan geçjekdigini çaklaýandyklaryny mälim edipdi.