Tebigatdaky käbir hadysalar ylmy taýdan öwrenilende, has geň galdyrýar. Balyklaryň, arylaryň, guşlaryň ýaşaýşy syrlardan doly. Şeýle jandarlaryň biri hem hökümdar kebelekleridir.
Kebelekleriň bu görnüşi Kanadada, ABŞ-da, Täze Zelandiýada, Günbatar Ýewropa ýurtlarynda we käbir adalarda ýaşaýar. Olar beýleki kebeleklerden giň ganaty hem-de narynç-gara, ak çyzykly nagyşlary bilen tapawutlanýar. Emma, bu jandarlaryň başga bir täsin häsiýeti bar. Olar ömrüniň köp bölegini diňe syýahat edip geçirýärler. Üstesine-de, hiç görmedik ýolundan, öňki kebelekleriň geçip giden ýerinden azaşman barmaly ýerine barýarlar.
Hökümdar kebelekleri her ýylyň güýzünde Kanadadan Meksika tarap 4 müň kilometrlik syýahata çykýarlar. Baharda bolsa, yzyna dolanýarlar. Olaryň syýahatyna kämahal başga kebelekler hem goşulýar. Aslynda, beýleki jandarlaryň birnäçesi hem uzak aralyga göçýär, emma olaryň iň täsini bu kebelekleriňki bolsa gerek. Olar günde ortaça 70 kilometr ýol geçýär. Ýolda barýarkalar gülleriň nektarlary bilen iýmitlenýärler. “Danaidae” kebelekleriniň maşgalasyna degişli bolan bu jandarlaryň esasy iýmiti ýüpek oty bolup, olaryň syýahat edýän döwri şol otuň gülleýän wagtyna gabat gelýär. Uzak wagtlap uçansoňlar Meksikadaky “Sierra Madre” jülgesine baryp, dört aýlap gyş ukusyna gidýärler. Baharyň gelmegi bilen oýanyp, Kanada tarap uçup başlaýarlar. Olaryň Meksikadan Kanada baryp ýetmegi üçin 4 aý gerek. Bu wagtyň dowamynda olaryň üç nesli çalyşýar. Kebelekleriň birinji, ikinji we üçünji nesilleri 6 hepde, dördünji nesli bolsa, 6 aý ýaşaýar. Kebelekleriň birinji nesli ABŞ-nyň günortasyna, ikinji nesli Kanadanyň günortasyna barýar. Üçünji nesliň wekilleri Kanadanyň demirgazygyna barýar we iýulyň ahyryna çenli ýaşaýar. Bu kebelekleriň nesli bolsa, oktýabr aýynyň ahyryna çenli Kanadanyň demirgazygyndan ýene-de Meksika uçup barýarlar.
Kebelekleriň ozal görmedik ýoly bilen ýalňyşman gitmekleri we nesil çalyşmak bilen şol aralykda hereket etmekleri alymlary hem haýran galdyrýar. Bu syry çözmegiň aladasyny edýän hünärmenler häzire çenli köp zat öwrendiler. Waşington uniwersitetiniň hünärmeni Eli Şilzerman kebelekleriň içki kompaslary arkaly wagty we Günüň gözýetimdäki ýerini anyklaýandygyny, şeýlelikde öz ugurlaryny tapýandygyny belleýär. Şol bir jandaryň bir nesliniň 6 hepde, beýleki nesliniň 6 aý ýaşamagy bolsa, entägem alymlar üçin syr bolmagynda galýar. Golaýda geçirilen ylmy barlagyň netijeleri “Cell Reports” žurnalynda çap edildi.