Demirgazyk polýusdaky magnit meýdanynyň merkeziniň üýtgänligi sebäpli smartfon we nawigasiýa ulgamlarynda bökdençlikleriň döremezligi üçin täze usul ýaýradyldy. Mälim bolşy ýaly, Ýeriň magnit meýdanynyň merkezi her ýylda azda-kände üýtgeýär. ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera edarasynyň Ekologik maglumat merkezi Demirgazyk polýusyndaky üýtgeşmeleri has takyk görkezmek maksady bilen, 2015-nji ýyldan bäri taýýarlanan täze usuly ýaýratdy. Merkeziň ýaýradan beýanatynda Kanadanyň arktiki sebitindäki magnit meýdanynyň 1831-nji ýyldan bäri ýerini üýtgedýändigi, soňky ýyllarda bolsa, Sibire tarap ozalkylardan has çalt süýşýändigi mälim edildi. Hünärmenler Ýeriň magnit modelini her 5 ýyldan bir gezek söwda maksatly gatnawlar, gözleg-halas ediş işleri we beýleki işleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi üçin täzeleýärler.
Iňlis geofizigi Siaran Beggan Ýeriň demirden we nikelden emele gelen daşky ýadrosynyň döredýän elektronik akymynyň magnit meýdanyny emele getirýändigini, emeli hemralar arkaly alnan maglumatlarda Demirgazyk polýusdaky magnit meýdanynyň görnetin üýtgändiginiň anyklanandygyny aýdýar. Beggan magnit meýdanynyň azda-kände tebigy hereket sebäpli üýtgeýändigini we munuň adaty zatdygyny belleýär.