Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len 11 ýyl mun­dan ozal, ýag­ny 2008-nji ýyl­da hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­ýän bi­le­le­şik dö­re­dil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si (TSTB) şu ýyl özü­niň dö­re­di­le­ni­niň 11 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da TSTB-niň ýur­du­my­zyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de esa­sy orun eýe­le­me­li­di­gi­ni, ila­tyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm gu­ra­ly­na öw­rül­me­li­di­gi­ni hem-de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy ul­ga­ma üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na ýar­dam et­me­li­di­gi­ni belleýär. Ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan hu­su­sy baş­lan­gyç­lar üçin dö­re­di­len amat­ly şert­ler­den ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, hä­zir­ki dö­wür­de önüm­çi­li­giň we mar­ke­tin­giň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­mek bi­len, hal­ka­ra de­re­je­si­ne çyk­ýar­lar. TSTB-niň gat­naş­ma­gyn­da Çy­zyk­ly bel­gi­ler bo­ýun­ça mil­li gu­ra­ma dö­re­dil­di. Türk­me­nis­tan­da çy­ka­ry­lan önü­miň ştrih-ko­dy dün­ýä ba­zar­la­ryn­da üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär. Dün­ýä­niň esa­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kä­mil en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len hu­su­sy önüm­çi­lik pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy hem-de dü­zü­mi pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si türk­men işe­wür­leri­ne iri hem-de örän jo­gap­kär­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň ha­ryt­la­ry­nyň hal­ka­ra ba­zar­larynda bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, 14-nji mart­da TSTB-de ýur­du­myz­da­ky il­kin­ji hu­su­sy mik­ro­bio­lo­gi­ýa bar­lag­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. On­da iý­mit önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we hal­ka­ra öl­çeg­ler bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­mak üçin bu önüm­le­riň ga­raş­syz sel­jer­me­si ge­çi­ri­ler. Da­ba­ra Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň, ýur­du­my­zyň hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we hü­när­men­le­ri, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Bu ýer­de her ýyl­da 11 ugur bo­ýun­ça – ýag, süýt, et, ba­lyk, çö­rek, mi­we, gök-bak­ja, süý­ji-kö­ke we beý­le­ki önüm­le­riň bir ýa­rym mil­li­onynyň bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bar­lag­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan sy­nag bar­la­gyn­dan ge­çi­ri­len önüm­le­ri se­çip al­mak, o­la­ry hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da, bel­le­nen ýe­re ýe­tir­mek, bar­lag­la­ryň ka­da­laş­dy­ry­jy-teh­ni­ki res­mi­na­ma­la­ryň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi­ni göz­den ge­çir­mek, ha­sa­bat­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler.
Bar­lag­ha­na­nyň esa­sy mak­sa­dy ýur­du­my­zyň önüm­le­ri­ni yg­ty­ýar­ly­lan­dyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­me­gi­ni ýo­la goý­mak üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar bel­le­di­ler. Bar­lag­ha­na TSTB-niň baş­lan­gy­jy hem-de gol­da­wy bi­len “Hil Stan­dart” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan USAID-iň Mer­ke­zi Azi­ýa­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­lyk, söw­da we iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tas­la­ma­sy­nyň ýar­dam ber­me­gin­de dö­re­dil­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da bar­lag­ha­na sel­jer­me­le­ri­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky hyz­mat­la­ra ba­zar is­leg­le­ri­ni kes­git­le­mek bo­ýun­ça çä­re­ler ge­çi­ril­di hem-de dün­ýä­niň esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­rin­den döw­re­bap bar­lag­ha­na en­jam­la­ry sa­tyn alyn­dy.
Di­ýa­ry­myz­da­ky il­kin­ji hu­su­sy mik­ro­bio­lo­gik bar­lag­ha­na ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­niň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak ar­ka­ly açyl­dy. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­me­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýar­dam eder. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň iri kär­ha­na­la­ry­nyň bir­nä­çe­si işe gi­ri­zil­di.Ýur­du­my­zyň ki­çi we or­ta işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri ba­za­ry ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­lar bi­len dol­dur­mak hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek, ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň, oba ho­ja­lyk çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän dür­li kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň dep­gi­ni­ni çalt­lan­dyr­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýar­lar.
Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 11 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da açy­lan mik­ro­bio­lo­gik bar­lag­ha­na ýur­du­my­zyň işe­wür­li­gi­niň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak ýo­lun­da no­bat­da­ky mö­hüm ädim bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň işe­wür­li­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy güý­jü­ne öw­rü­lip, onuň dür­li pu­dak­la­ry­na in­no­wa­si­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
Bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gy ýur­du­my­zyň içer­ki ba­za­ry­nyň ösü­şi­niň gör­ke­zi­ji­si bo­lup, onuň möç­be­ri, 2017-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, ge­çen ýyl­da 19,6 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Şun­da onuň dü­zü­min­de döw­let pu­da­gy­nyň pa­ýy­na 7,8 gö­te­rim, döw­le­te de­giş­li däl pu­da­gyň pa­ýy­na 92,2 gö­te­rim düş­di. 2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­por­ty 2017-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de 50 gö­te­ri­me go­laý art­dy.
Şun­da Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len se­men­tiň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ri­len möç­be­ri 20,2 es­se, ha­ly hem-de ha­ly önüm­le­ri 5,5 es­se, gaý­ta­dan iş­le­nen gök önüm­ler we mi­we­ler 3,5 es­se art­dy, ýüň 36,1 gö­te­ri­me, dok­ma önüm­le­ri 22,9 gö­te­ri­me, mi­ne­ral dö­kün­le­ri 18,1 gö­te­ri­me deň bol­dy. Şeý­le hem 2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­por­tu­nyň dü­zü­min­de tä­ze ha­ryt­lar peý­da bol­dy. Da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ri­len ar­ma­tu­ra­nyň möç­be­ri ABŞ-nyň 1,4 mil­li­on dol­la­ryn­dan gow­rak, aý­na we aý­na önüm­le­ri ABŞ-nyň 3,4 mil­li­on dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji­ler ýur­du­myz­da eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ryň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de ga­za­ny­lan ne­ti­je­le­re şa­ýat­lyk ed­ýär.
Te­le­ke­çi­ler ýur­du­my­zyň ba­za­ryn­da pa­ýy­ny art­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, tä­ze mar­ke­ting çe­me­leş­me­le­ri iş­jeň öz­leş­di­rip, söw­da-ser­gi hem-de kong­res işi­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar, da­şa­ry söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär­ler. 2018-nji ýyl­da hö­kü­me­ta­ra to­par­la­ryň ge­çi­ren mej­lis­le­ri­ni ha­sa­ba al­ma­nyň­da, Türk­me­nis­ta­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum kuw­wa­ty, şol san­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li däl pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ri­len dür­li çä­re­ler­de giň­den gör­ke­zil­di.
***
Hä­zir TSTB-niň ag­za­la­ry bir­leş­mä­niň dö­re­dil­me­gi­niň 11 ýyl­ly­gy­ my­na­sy­bet­li 16-17-nji mart ara­ly­gyn­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da giň ge­rim­li ser­gi gu­ra­lýar. Ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­gi has-da ös­dür­mä­ge ýar­dam et­jek bu ser­gi­de Di­ýa­ry­my­zyň işe­wür­le­ri­niň mö­hüm tas­la­ma­la­ry gör­ke­zi­lýär. Iki ýü­ze go­laý gat­na­şy­jy­nyň, şol san­da, hu­su­sy işe­wür­li­giň il­kin­ji ge­zek öz önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän 20 kär­ha­na­­nyň ser­gä gat­naş­ýan­dyk­la­ry ha­bar be­ril­di.