21-nji martda ýurdumyzyň çar künjeginde Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giň gerimli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda guralýan Halkara Nowruz baýramy döredijilige, zähmetiň ýokary göterilişine, daşky gurşawyň özgerdilmegine, oňa sazlaşygyň, gözelligiň we hoşniýetliligiň goşulmagyna özboluşly çakylyga öwrüldi. Nowruz ýaýlasynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, baýramçylyk şäherçesi döredildi. Hatara guralan ak öýler, giň howlular, baglar, senetkärleriň ussahanalary, gündogar bazarynyň ruhubelent täjirleri, sergi meýdançalary bu künjege özboluşly bezeg berdi. Myhmanlaryň öňünde hormatly Prezidentimiziň edebi eserleri, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda taýýarlanan özüne çekiji, täsirli sahna eserleri ýaýbaňlandyryldy.
Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygy halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrýan, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini tassyk edýän dabara hökmünde bellemäge çagyrdy.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ekerançylyk dessurlaryny hem öz içine aldy. Soňra ýaşajyk artistleriň çykyşlary boldy. Birleşdirilen çagalar tans toparlary “Ýag, ýagyş!” atly folklor çykyşyny ýerine ýetirdi. Milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň “Ak bugdaýyň Watany” bölümi esasynda taýýarlanan sahna eseri ekerançylyk bilen baglanyşykly çykyşlaryň dowamyna öwrüldi. Oba hojalyk gurallary, häzirki wagtda oba zähmetkeşleri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän dürli ekinleriň tohumlary, agaçdan önümleri ýasaýan ussalaryň işleri bu ýerde guralan serginiň üstüni ýetirdi. Soňra sahnalaşdyrylan çykyşlarda Nowruzyň ylmy dünýäsi, onuň taryhy barada gürrüň berildi. Mary welaýatynyň teatr artistleri filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Gündogaryň görnükli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar. Olaryň hatarynda Omar Haýýam, Al-Biruni, Al-Horezmi, As-Suli, Al-Faraby, Lukman Hekim, Nejmeddin Kubra, Zamahşary, Mäne Baba we beýlekiler bar.
Tomaşaçylar gatlama, çapady, pişme, çelpek, petir çörek, ýagly çörek ýaly milli nygmatlaryň taýýarlanylyşyny gördüler we bu tagamlardan gyzgynlygy bilen dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.
Türkmenleriň ähli baýramçylyk dabaralaryna ajaýyp bedewlere atlanan ussat çapyksuwarlar gatnaşýarlar. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň halkara sirk festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary “Nowruzyň milli oýunlary” atly çykyşy görkezdi.
Baýramçylyk dabarasyny “Nowruzyň aşhanasy” atly bölüm jemledi, onda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan aýry-aýry bölümler sahnalaşdyryldy. Merkezi ýodajygyň iki tarapy boýunça milli aşpezligiň tagamlary bilen miweler, gök önümler bilen bezelen saçaklar ýazyldy, bu tagamlar aşpezlik sungatynyň iň gowy aşpezleri tarapyndan taýýarlanyldy. Nowruzyň baýramçylyk tagamlarynyň hatarynda gaýnatma, buglama, çekdirme, tamdyrlama, nowruz köjesi, ýumurtgaly, etli, ysmanakly, kädili börek we beýlekiler bar. Biraz aňyrrakda bolsa, gazanlama, mäş, jöwen, dürüşde, şüle, gömme, içlekli, gutap, somsa hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Goýun etinden çişlikler, gowrulan balyk, kebap hem baýramçylyk çäresine ýakymly öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde rowaç Watanymyza buýsanç duýgusyny berkidýär.