Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­galla­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mek, da­şa­ry ýurt­lard­an ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­mak ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­na hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri hem öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da giň­den bel­le­ni­len Mil­li ba­har baý­ra­my – Hal­ka­ra Now­ruz gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da asyl­ly dä­be eýe­ri­lip, Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­je­gin­de açy­lyş da­ba­ra­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da hu­su­sy işe­wür­li­ge de­giş­li iki se­na­gat des­ga­sy­nyň – ýu­wu­jy se­riş­de­le­ri hem-de po­lip­ro­pi­len gap­la­ry ön­dür­ýän hä­zir­ki za­man kär­ha­na­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry bol­dy.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedowyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň, ýaş­la­ryň, köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da tä­ze des­ga­la­r ulan­ma­ga be­ril­di. Tä­ze des­ga­la­ryň bi­ri ýyl­da ýu­wu­jy se­riş­de­le­riň 50 ton­na­sy­ny ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen kär­ha­na­dyr. Ýer­li gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­na edi­len se­na­gat des­ga­sy­nyň dü­zü­min­de Türk­me­nis­tan­dan, şeý­le hem Tür­ki­ýe­den, Hin­dis­tan­dan, Hy­taý­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Da­ni­ýa­dan we Ma­laý­zi­ýa­dan ge­ti­ril­ýän çig ma­lyň hi­li­ni we ahyr­ky önü­miň hi­li­ni bar­la­mak üçin ni­ýet­le­nen mer­ke­zi bar­lag­ha­na he­re­ket ed­ýär. Bu ýer­de iş orun­la­ry­nyň 150-si dö­re­dil­di. Bu kär­ha­na se­bit­de ýu­wu­jy se­riş­de­le­ri ön­dür­ýän iň iri des­ga bo­lup dur­ýar, mu­nuň özi ýo­ka­ry hil­li ýu­wu­jy se­riş­de­ler bi­len di­ňe bir içer­ki ba­za­rlary üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, şo­la­ry eks­port et­mä­ge hem müm­kin­çi­lik be­rer.
Bu et­rap­da ulan­ma­ga ber­len ýe­ne bir des­ga po­lip­ro­pi­len ma­ta­syn­dan sy­gy­my 300 ki­log­ram­dan 3 ton­na çen­li bo­lan iri göw­rüm­li gap­la­ry ön­dür­mek bo­ýun­ça “Bir Dün­ýä” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň kär­ha­na­sy­dyr. Bu kär­ha­na ýyl­da bir mil­li­on hal­ta ön­dür­mä­ge deň bo­lan önüm­çi­lik kuw­wa­tyn­da işe gi­ri­zil­di, gel­jek­de bol­sa bu görkeziji iki es­se art­dy­ry­lar hem-de gu­ry ür­gün azyk we azyk däl önüm­le­ri hem-de se­riş­de­le­ri sak­la­mak we iber­mek üçin ýo­ka­ry hil­li po­lip­ro­pi­len gap­lar bi­len içer­ki hem-de da­şa­ry ýurt­ly sarp edi­ji­le­ri üp­jün eder. Kär­ha­na­nyň eýe­le­ýän umu­my meý­da­ny 15700 ine­dör­dül met­re deň bo­lup, Awst­ri­ýa­nyň “Star­lin­ger” ky­sym­ly iň döw­re­bap en­ja­my bi­len üp­jün edil­di. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my gap­la­ry ön­dür­mek üçin çig ma­lyň 95 gö­te­ri­mi­ni üp­jün eder, bu bol­sa önü­miň özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­ny pe­selt­mä­ge we taý­ýar önü­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga oňyn şert döreder.
Şeý­le hem Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýy­la­dyş­ha­na hem-de süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na açy­lyp, ulan­ma­ga be­ril­di. Ma­ry şä­he­rin­dä­ki döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na “Na­hal” hem-de “Ker­wen gur­lu­şyk” ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri ta­ra­pyn­dan 6 gek­tar meý­dan­da gu­rul­dy we ýyl­da 1 müň 200 ton­na gök önüm­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.
Ma­ry – Aş­ga­bat aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň 9-njy ki­lo­met­rin­de ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan “Tä­ze aý önüm­le­ri” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­syn­da bir gün­de süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­niň 92 ton­na­sy­ny – kö­ke­le­riň, şo­ko­lad­la­ryň we waf­li­le­riň je­mi 63 gör­nü­şi­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Önüm­çi­lik bö­lüm­le­rin­de 250-den gow­rak iş­gär zäh­met çe­ker. Kär­ha­na­nyň do­ly kuw­wa­ty­na çyk­ma­gy bi­len, on­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­ri hem da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek mak­sat edi­nil­ýär.

Jeren WELIHANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.