Ähli halklarda diýen ýaly, çaý sözi iki görnüşde aýdylýar – “çaý” we “ti”. Iňlisçe “tea”, fransuzça “thé”, ispança “té”, nemesçe “tee”, niderlandça “thee”, indonezçe “teh” hem-de Afrikanyň günbatar we günorta ýurtlarynda “ti” sözüne meňzeşräk atlandyrylýar. Türki halklaryň ählisi “çaý”, araplar “şaý”, ýaponlar “oça”, hindistanlylar “şaý”, Gündogar Afrika halklary “çai” ýaly görnüşde ulanýarlar. Dünýäniň ähli milletlerinde diýen ýaly “çaý” sözüniň meňzeş atlandyrylmagynyň sebäbi bu içginiň Hytaýdan ýaýrandygy hem-de bu sözüň hytaý dilinden geçendigi bilen düşündirilýär.
Eýsem, näme üçin çaý iki görnüşde atlandyrylýar?! Munuň sebäbi häzirki wagtda has köp aýdylýan “globallaşmak” sözüniň hakykatda bu söz döredilmezden has ir durmuşa geçmegi bilen baglydyr.
Beýik Ýüpek ýoly we çaý
Çaý deňiz ýoly arkaly Ýewropa hem-de Ýewropanyň täsiri astyndaky ýerlere “tea” ady bilen ýaýraýar. Ýewropalylara bu täsin ýapragy ilkinji gezek gämiler arkaly çaýyň söwdasyny edýän gollandiýaly täjirler tanyşdyrýar. Çaýyň beýleki dillere iki görnüşde geçmeginiň sebäbi bolsa, hytaýçada çaýy aňladýan iýeroglifiň Hytaýyň iki esasy şiwesinde başgaça okalmagy bilen baglydyr. Häzirki wagtda Hytaýda iň köp gepleşilýän dil hasaplanýan mandarin şiwesinde “ça” diýlip okalýan iýeroglif, ýurduň günortasynda, deňiz kenarlarynda ýaşaýanlaryň gepleşýän min şiwesinde “ti” diýip okalýar.
XVII asyrda deňizçilikde we deňiz arkaly söwda etmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Niderlandlar, esasan, Hytaýyň Fuszýan hem-de Taiwan sebitleri bilen aragatnaşyk saklapdyrlar. Deňze golaý bolan bu iki ýerde hem çaýa “ti” diýilýän eken. Golland Gündogar Hindistan kompaniýasy (The Dutch East India Company) Ýewropada çaý söwdasyny eden ilkinji şereketdir. Şol sebäpli Ýewropa halklarynda has köp “ti” sözi ulanylýar. Taryhçylar Beýik Ýüpek ýolunyň 2000 ýyllyk taryhynyň bardygyny belleýärler. Şol sebäpli gadymy söwda ýolunyň ugrunda ýerleşýän halklarda çaýyň has irki döwürlerden bäri bardygy aýdylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan ýerlerinde mandarinçe gepleşilýändigi üçin bu dildäki “ça” sözünden dörän “çaý” sözi ulanylýar.
Hytaýa has ýakyn bolan Ýaponiýada hem çaýa aýratyn sarpa goýulýar. Taryhy çeşmeler ýaponlaryň çaý bilen IX asyryň başlarynda tanşandygyny görkezýär. Hytaýdan getirilip, bu ýurtda ekilip başlanan çaý ilki melhem üçin ulanylypdyr. Ýyllaryň dowamynda çaýyň täze görnüşleri we ony gaýtadan işlemegiň ýapon nusgalary peýda bolupdyr. Häzirki wagtda ýapon medeniýetinde çaý dabarasy uly orun tutýar.
Gülälek Çaryýewa,
Änew şäheriniň 1-nji orta
mekdebiniň kitaphana müdiri.