Şu ýy­lyň ba­ha­ry­nyň hal­ky­myz üçi­nem, top­rak üçi­nem be­re­ket­li bo­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­me­li. As­man­dan in­ýän siň­ňin ýa­gyş türk­men top­ra­gy­ny al-el­wan gül­le­re bes­läp, gaý­ta­lan­ma­jak sun­gat ese­ri­ne ça­lym­daş gö­zel­li­gi dö­ret­di. Şu gün­ler ýur­du­my­zyň dü­rli kün­jek­le­ri, ýaý­la­lar we säh­ra­lar ne­pis ha­ly dü­şe­len ýa­ly gör­nü­şe gir­di. Mu­nuň özi ýy­lyň rys­gal­ly, be­re­ket­li we ro­waç bol­jak­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ar­ka­dag Pre­zi­den­timi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2019-njy ýy­lyň “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” diý­lip yg­lan edil­me­gin­iň çuň­ňur ma­nysy bar. Bu ýy­lyň ro­waç pur­sat­la­ra bes­len­jek­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan ny­şan­lar hal­ky­my­zyň ru­hu­ny gö­ter­ýär. Il için­de “Ýy­lyň gel­şi Now­ru­za bag­ly” di­ýen pä­him­li dü­şün­je bar. Now­ruz baý­ram­çy­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de we şol dö­wür­ler­de ýa­gşyň ýagmagy mal­dar­la­rda bol­şy ýa­ly, daý­han­la­ry­ňam ru­hu­ny gö­ter­ýär.
Köp asyr­la­ryň dur­muş tej­ri­be­sin­den görnüşi ýa­ly, ýaz aý­la­ryn­da as­man­dan in­ýän yga­lyň top­rak üçin te­ne­kar­dy­gy yk­rar edil­di. Türk­men hal­ky ýaz ýag­şy bi­len bag­la­ny­şykly bir­nä­çe des­sur­la­ry, ga­nat­ly jüm­le­le­ri dö­re­dip­dir­.
Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­b­it­le­rin­de ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Ege­jan ha­jy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da “Süýt­ga­zan” at­ly aý­dym ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir. On­da esa­san, süýt­ga­za­nyň “Haý” di­ýip gyr taý­ça­nak­da gel­ýän­di­gi, süýt­ga­za­na gül­le­riň we ot­la­ryň ze­rur­ly­gy, mu­nuň üçin ýö­ri­te aş taý­ýar­lan­ma­gy, ýow­şan ýy­gyl­ma­gy, süýt­ga­za­nyň bök­denç­siz ge­çip gi­de­ri ýa­ly ýol­la­ryň aras­sa­lan­ma­gy ba­ra­da oňyn pi­kir­ler öňe sü­rül­ýär. Aý­dy­myň soň­ky se­tir­le­ri, “Al­lam, bi­ze ogul ber, Al­lam, bi­ze ýa­gyn ber!” di­ýen söz­ler bi­len jem­len­ýär. Şu aý­dym­dan soň bol­sa, oba adam­la­ry süýt­ga­za­nyň şe­ki­li­ni jan­lan­dy­ran ki­şä suw sep­ýär­ler, oňa un çal­ýar­lar.
Mun­dan baş­ga-da, “Çem­çe ge­lin” at­ly aý­dym di­ňe bir bi­ziň ili­miz­de däl, eý­sem, tür­ki dil­li halk­la­ryň kö­pü­sin­de meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dyr. Ol şeý­le söz­ler bi­len baş­lan­ýar: “Çem­çe ge­lin ne is­tär? Çem­çe ge­lin suw is­tär, ber Al­la­hym ber! Ýag­myr bi­ze ýa­gyn ber, goý­nuň go­çy gur­ban bol­sun, deg­re­le­ri­miz har­man bol­sun!”.
Gör­nü­şi ýa­ly, türk­men halk dö­re­di­ji­li­gin­de beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, bahar pas­ly, ýa­gyş-ýag­my­ryň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da joş­gun­ly aý­dym­lar, nu­ra­na ar­zuw-umyt­la­ra bes­le­nen aýt­gy­lar meş­hur bo­lup­dyr. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri dür­li se­ne­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly sun­gat eser­le­ri­ni dö­re­den­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Dün­ýä ýü­zün­de şa­han­daz halk hök­mün­de ta­nal­ýan türk­men halky hä­zir­ki dö­wür­de hem hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda dür­li se­ne­le­ri my­na­syp de­re­je­de gar­şy­lap, ola­ryň şa­ny­na şat­lyk-şow­hu­nly da­ba­ra­la­r guralýar. Bu bol­sa, asyr­lar aşyp gel­ýän ýag­şy des­sur­la­ry­my­zyň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Gö­zel Aý­na­za­ro­wa,
Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ka­fed­ra mü­di­ri.