Şu günler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler geçirilýär. At çapmagyň ussady, Türkmenistanda atçylyk sportunyň ösdürilmegine ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň ajaýyp atşynaslyk däplerini saklamak we dowam etdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna, seýisçilik sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ho­wan­dar­ly­gyn­da mil­li at­çy­lyk pu­da­gynyň dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, aras­sa gan­ly be­dew­le­riň baş sa­ny­ny art­dyr­mak, bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň hem-de Hal­ka­ra ka­ran­tin mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy mil­li at­şy­nas­lyk we se­ýis­çi­lik däp­le­ri­niň ös­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­di. Ahal­te­ke be­dew­le­ri ça­pyl­ýan at­la­ryň iň ga­dy­my­la­ry­nyň we owa­dan­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Be­hiş­di be­dew­le­ri­miz biz üçin dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ba­ha­syz gym­mat­lyk bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men hal­ky­nyň iň oňat at­şy­nas­lyk däp­le­ri­niň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ril­me­gi we kä­mil­leş­di­ril­me­gi, ahal­te­ke atlarynyň baş sanyny kö­pelt­mek üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, ýur­du­my­zyň at­çy­ly­gy­nyň bu ugur­da has-da ösdürilmegi üçin köp işleri durmuşa geçirýär. Äh­li we­la­ýat­lar­da tehnologiýanyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp, gur­lan at­çy­lyk top­lum­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­la­ry­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aja­ýyp ça­pyk­su­war, be­hiş­di be­dew­le­riň gady­ry­ny bi­lip we ola­ra uly sar­pa go­ýup, işi­niň örän köp­lü­gi­ne ga­ra­maz­dan, be­dew­le­re, at üs­tün­de çap­ma­gyň us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge yzy­gi­der­li üns ber­ýär. Bi­ziň äh­li­miz şeýle pur­sat­la­ra en­çe­me ge­zek haý­ran gal­mak bi­len şa­ýat bol­duk. Türk­men at­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ede­bi dö­re­di­ji­li­gin­de hem aý­ra­tyn orun tut­ýar. Hä­zir­ki za­man res­mi­na­ma­la­ry we ta­ry­hy, yl­my mag­lu­mat­la­ry hem-de çeş­me­le­ri yh­las­ly öw­ren­me­giň esa­syn­da ýa­zy­lan deň­siz-taý­syz ahal­te­ke be­dew­le­ri ba­ra­da­ky aja­ýyp ki­tap­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­la­my­na de­giş­li­dir.
Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň çäk­le­rin­de, her ýyl­da gu­ral­ýan ser­gi­ler we bäs­le­şik­ler pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly iş­le­ri­niň öz­bo­luş­ly do­wa­my bo­lup dur­ýar. Olar şu­nuň ýa­ly usul­lar ar­ka­ly te­bi­gy şert­ler­de uzak ara­ly­ga çap­mak we dür­li ho­wa şert­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek ýa­ly çy­dam­ly­lyk de­re­je­si­ni kes­git­läp­dir­ler.
Şu gün­ki gü­ne çen­li baý­ram­çy­lyk mak­sat­na­ma­synyň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta kün­je­gin­dä­ki dag ete­gin­den geç­ýän Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça däp bo­lan uzak ara­ly­ga at ça­py­şy­gy, şeý­le hem Aş­ga­ba­dyň at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň açyk ma­ne­žin­de be­dew­le­riň päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. Şeý­le hem ýur­du­myz­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li sun­gat us­sat­la­ry­nyň ara­syn­da bäs­le­şik ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Şeý­le­lik­de, Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ser­gi mer­ke­zin­de su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, ha­ly­çy­la­ryň, zer­gär­le­riň, fo­to­su­rat­çy­la­ryň, ne­şir­ýat iş­gär­le­ri­niň, be­zeg­çi­le­riň we te­leo­pe­ra­tor­la­ryň ara­syn­da şe­kil­len­di­riş, ama­ly-ha­şam sun­ga­tyn­da, ne­şir­ýat önüm­le­rin­de, fo­to­su­rat­lar­da we te­le­ýaý­lym­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň çe­per keş­bi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yg­lan eden bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry bol­dy.
Bäs­le­şi­giň, uzak ara­ly­ga at­ly ýö­riş hem-de päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li er­tir geçiriljek da­ba­ra­la­ryň do­wa­myn­da yg­lan edi­ler hem-de hal­ky­my­zyň mi­ra­sy­ny giň­den wa­gyz et­mä­ge my­na­syp go­şant go­şan­la­ra de­giş­li baý­rak­lar gow­şu­ry­lar.
Şeý­le hem be­dew baý­ram­çy­ly­gy­nyň da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň IX mej­li­si, hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy hem-de “Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty” at­ly XI hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Mu­nuň özi türk­men be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty­na, at­la­ry se­ýis­le­me­giň bi­ziň ýur­du­myz­da bar bo­lan mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ne hal­ka­ra de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mas­la­hat­lar­da bu ugur­da bar bo­lan oňyn tej­ri­be­le­ri dün­ýä ýaý­mak mil­li at­çy­lyk spor­tu­ny iş­jeň­leş­dir­mek, bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny art­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ahal­te­ke be­dew­le­ri ça­pyl­ýan at­la­ryň iň ga­dy­my­la­ry­nyň we owa­dan­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň baş sa­ny­ny artdyrmak hem-de dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň wa­jyp bö­le­gi hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni ber­kit­mek me­se­le­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýär.
Türk­men hal­ky at ça­py­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn ga­dyr go­ýup­dyr hem-de be­dew­le­riň se­ýis­çi­li­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şip­dir­. Ga­dy­my çeş­me­ler­de at se­ýis­le­me­giň usul­la­ry­nyň Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hem hut şu se­bit­den ýaýrandygy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar bar. Hä­zir­ki dö­wür­de da­şa­ry ýurt­lar­da türk­men se­ýis­le­ri­niň tej­ri­be­si­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär we oňa da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler uly üns bi­len ýüz­len­ýär­ler.
Ýur­du­my­za da­şa­ry döw­let­ler­den köp­ san­ly bi­ler­men­le­riň, at­şy­nas­la­ryň, bel­li alym-ip­po­log­la­ryň, işe­wür dü­züm­le­riň we­kil­le­ri­niň, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan adam­la­ryň gel­me­gi be­hiş­di be­dew­le­re bo­lan äh­lu­mu­my gy­zyk­lan­ma­la­ryň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Şeý­le­lik­de, ola­ryň dyk­ga­ty­na di­ňe bir be­dew­le­riň be­den taý­ýar­ly­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar däl, eý­sem, müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ne­sil­den-nes­le ge­çip, aýaw­ly sak­lan­ýan mil­li se­ýis­çi­lik usul­la­ry ýe­ti­ril­ýär.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri we onuň ga­dy­my şöh­ra­ty­nyň Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, hä­zir­ki dö­wür­de ös­dü­ril­ýän­di­gi ba­ra­da aý­da­nyň­da, mil­li buý­san­jy­my­zyň öz­bo­luş­ly­ly­gy, ola­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da hem bel­le­me­li. Çün­ki, dün­ýä­de iň ga­dy­my to­hum­ at­la­rynyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan ahal­te­ke be­dew­le­rin­de özü­ne mah­sus aý­ra­tyn­lyk­lar jem­le­nen­dir. Mu­nuň özi, mil­li at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň we türk­men se­ýis­le­ri­niň yh­la­sy­nyň kä­mil de­re­jä ýetendi­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň reňk aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da, ola­ra al­tyn öwüş­gin­li me­le reň­kiň mah­sus­dy­gy­ny nyg­ta­ma­ly. Me­le reň­kiň we be­dew­le­riň öz­bo­luş­ly be­den gur­lu­şy­nyň köp­ýyl­lyk tej­ri­bä­niň hem-de örän ýi­ti ze­hi­niň bag­la­ny­şy­gyn­dan eme­le ge­len gö­zel­lik­di­gi­ni bel­le­sek ýer­lik­li bo­lar. Çün­ki, yn­san gy­lyk­ly be­dew­le­riň hüý-hä­si­ýe­ti­niň, ola­ryň be­den gur­lu­şy­nyň aý­ra­tyn­ly­gy ahal­te­ke at­la­ry­nyň ýyn­dam­ly­gy we gö­zel­li­gi bi­len ut­ga­şyp, sun­gat ese­ri­ne ça­lym­daş ne­pis­li­gi dö­red­ýär.
Mu­nuň özi türk­men se­ýis­le­ri­niň we at­şy­nas­la­ry­nyň be­dew se­ýis­le­mek­de, at­lar­da öz­bo­luş­ly­ly­gy ke­ma­la ge­tir­mek­de hem-de bu ugur­da mil­li usu­ly esas­lan­dyr­mak­da bi­ti­ren iş­le­ri­niň dün­ýä äh­mi­ýet­li­di­gi­ni has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär ed­ýär. Türk­men se­ýis­le­ri­niň nus­ga­lyk de­re­je­dä­ki ýö­rel­ge­le­ri kä­mil be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de öz­bo­luş­ly mek­dep bo­lup dur­ýar. Bu ýö­rel­ge­le­riň nus­ga­lyk­dy­gy­ny dün­ýä­niň bel­li at­şy­nas­la­ry, alym-ip­po­log­la­ry öz iş­le­rin­de yzy­gi­der­li tas­syk­la­ýar­lar.
Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ahal­te­ke be­dew­le­ri dün­ýä­niň bel­li at­şy­nas­la­ry­nyň üns mer­ke­zin­de bo­lup­dyr. Be­ýik döw­let­le­riň şa­la­ry, hö­küm­dar­la­ry öz köşk­le­rin­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni gör­me­giň ar­zu­wyn­da bo­lup­dyr­lar. Bu bol­sa, türk­men be­dew­le­ri­niň se­ýis­çi­lik de­re­je­si­niň, ola­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy­nyň dün­ýä nus­ga­lyk­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Türk­men ilin­de ahal­te­ke be­dew­le­ri edil ga­dy­my dö­wür­ler­de bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki za­ma­nyň toý-baý­ram­la­ry­nyň baş be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Be­dew­le­re aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan we türk­men at­la­ry­nyň dün­ýä ýü­zün­de şöh­ra­ty­nyň has-da beý­gel­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň baş sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy­ny, ola­ryň dün­ýä ýü­zün­de giň­den wa­gyz edil­me­gi­ni bu pu­da­gyň öňün­dä­ki baş we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bol­şy ýa­ly, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň sar­pa­sy be­lent tu­tul­ýar. “Sa­ňa at diý­me­rin, gar­daş di­ýe­rin” di­ýen türk­men halky be­dew­le­ri öz maş­ga­lasy­nyň bir ag­za­sy ha­sap­lap­dyr­. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň yn­san bi­len şu­nuň ýa­ly ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­da bol­ma­gy öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar.
Şeý­le­lik­de, ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni se­ýis­le­mek, ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek hem-de bu ugur­da seç­gi­çi­lik-to­hum­çy­lyk işi­ni alyp bar­mak be­lent de­re­je­le­re gö­te­ril­ýär we bu ugur­lar hä­zir­ki dö­wür­de kä­mil ýag­daý­da ös­dü­ril­ýär. Bu bol­sa, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi­niň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu iş­de Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy­na wa­jyp or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­me­lidiris. Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň şa­ny­na geçirilýän da­ba­ra­lar mu­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.