Türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan bedewlerimiz gadymy wagtlardan bäri adamyň iň ýakyn dosty bolupdyr. At adama köp peýda getirýän, oňa hyzmat edýän, akylly we ukyply jandardyr. Şeýle hem ol eýesine diýseň wepaly bolýar. Münmek, çapmak üçin ýa-da iş maly hökmünde ulanylýan atyň ýabany görnüşleri hem bar. Dünýäde meşhurlyk gazanan atlaryň arasynda ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, arap we iňlis atlarynyň hem ady agzalýar. Şeýle hem atyň poni atly kiçi görnüşi bolup, bu atlar demirgazyk Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýar. Irki döwürlerde bu kindiwanja atlar ýerasty baýlyklary çykarmak üçin peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda çagalary mündürmek we ýeňilräk arabalara goşmak üçin ulanylýar. Dünýäde atyň 300-den gowrak görnüşiniň bardygy aýdylýar. Bu jandarlaryň eşidiş ukybynyň adamyňkydan ýokarydygy sebäpli, olar has duýgur bolýarlar. Olar öz eýesiniň ýa-da çapyksuwaryň duýgularyny sesinden aňyp bilýärler. Häzirki wagtda at bilen bagly sportuň dürli görnüşleri bar. Atly ýaryşlar dünýäniň iň meşhur sport çäreleriniň biri hasaplanýar.
At bilen bagly sport dürli ýaşdaky adam üçin peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi adamyň gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, dem alyş ýollaryny gowulandyrýar. Ata münülende deňagramlylygy saklamaly bolýar. Bu hem beden üçin örän peýdalydyr. At ýörände ýa-da çapanda şol bir hereketi yzygiderli gaýtalaýar. Bu ýagdaý bolsa, ata erk edýäniň gan damarlarynyň işini işjeňleşdirýär.
At münmegiň diňe fiziki däl, eýsem, zehin taýdan hem peýdasy az däl. Ata münýän islendik adam onuň örän üýtgeşik duýgudygyny, at çapmagyň söz bilen düşündirip bolmajak duýgyny döredýändigini aýdar. Hünärmenler 3 ýaşdan uly çagalaryň at münmegi öwrenmäge başlap biljekdiklerini belleýärler. Şeýle hem ata yzygiderli ideg etmegiň ýatkeşligiňi güýçlendirýändigi, oňa erk etmegiň adamda özüne ynam duýgusyny döredýändigi bellenilýär.
Atlar sagatda ortaça 44 kilometr tizlik bilen çapýar.
Atyň ýatkeşliginiň güýçlüdigi ylmy taýdan subut edilendir.
Atlar öz duýgularyny gulaklary, gözleri we ýüz hereketleri bilen düşündirýärler.
At gijesine adamdan has gowy görýär.
Atlar süýji zady iýmegi halaýarlar.
Awtoulaglaryň kuwwaty at güýji bilen hasaplanýar. Bu ölçeg birligi bir atyň
ortaça güýjüni görkezmeýär. Bir atyň kuwwaty ortaça 14,9 at güýjüne barabardyr.