Energiýa çeşmesiniň iki görnüşi bilen işleýän ulaglaryň sany barha artýar. Gämiler, awtoulaglar, motosikller we ýük ulaglary bu tehnologiýadan has köp peýdalanýar. Indi bolsa, bu tehnologiýany uçarlarda hem peýdalanmak üçin tagalla edilýär. Bu ugurda taýýarlanýan taslamalaryň birnäçesinden netije-de alnyp başlandy. Tebigatyň hapalanmazlygyny maksat edinýän bu taslamalaryň gysga wagtda ýaýbaňlanjakdygy bellenilýär. Angliýanyň “Faradair” atly şereketi BEHA (Bio Electric Hybrid Aircraft) atly gibrid hereketlendirijili uçarlary arkaly 2025-nji ýylda ýolagçy gatnawyny ýola goýmagy maksat edinýär. 18 ýolagça niýetlenen uçaryň ganatlarynyň dizaýny 300 metrlik aralykdan howa galmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle hem örän pes tizlikde (75 km/s) hem howada hereket edip bilmegini üpjün edýär. Uçar biodizel ýangyç bilen işleýän perli motorlardan we tokly batareýasyndan energiýa alýar. Tokly motorlar uçary 15 minutlap energiýa bilen üpjün edýär. Bu hereketlendirijiler uçaryň uçan we gonan mahaly peýdalanylýar. Biodizel ýangyç bilen işleýän hereketlendirijiler bolsa, howadaka peýdalanylýar. Şol wagtda uçaryň batareýalary hem zarýad alýar. Uçaryň ganatlarynyň üstündäki Gün panelleri hem batareýany tok bilen üpjün edýär. Energiýadan tygşytly peýdalanýan howa gämisiniň çykarýan sesi hem örän pes bolar. Bilermenler bu tehnologiýanyň geljekde adaty ýolagçy uçarlarynda hem peýdalanyljakdygyny belleýärler.