8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Garagumuň merkezinde ýerleşen bu emeli suw desgasy, ekologiýa we halk hojalygy babatda bolşy ýaly, ägirt uly durmuş maksatly ähmiýete eýedir. Uzak möhletleýin netijeli bu taslamanyň hemmetaraplaýyn ähmiýete eýedigini aýratyn bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz ir bilen dikuçarda Aşgabatdan Serdar etrabyna tarap ugrady. Milli Liderimiz ýol ugruna Garagum sährasynyň çägini özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy bilen tanyşdy. Soňky ýyllarda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Garagumuň çägi düýpli özgerdi. Guşuçar belentlikden emeli kölüň ýerleşýän ýeri bolan Garaşor çöketligi we oňa tarap çekilýän suw akabalarynyň gerimi has-da aýdyň görünýär. Çäge alaňlarynyň arasy bilen çekilýän suw akabalarynyň özboluşlylygy sähra gözellik çaýýar. Suwuň gelmegi bilen bu künjeklerde gök zolaklar we ajaýyp ýaýlalar emele geldi.
Hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde çärä gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi bilen bir hatarda, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda BMG-niň köp sanly düzümleriniň, Bütindünýä bankynyň, Bütindünýä poçta bileleşiginiň, Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekilleri ýygnandy.
Şeýle hem bu dabara estrada aýdymçylary, belli sazandalar we tans toparlary gatnaşdylar. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri bolan ýaş estradaçylar “Altyn asyr” Türkmen kölüne bagyşlanan aýdymy ýerine ýetirdiler. Olar bu köli şahyrana dilde “bagt köli” diýip atlandyrdylar. Sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy we ol ähmiýetli çärelere gatnaşyjylary türkmen medeniýetiniň, onuň baý mirasynyň dünýäsine çagyrdy. Bu ýerde guralan özboluşly derweze açylyp, ýurdumyzyň taryhyna degişli binagärlik şekilleriň we täze desgalaryň görnüşleriniň tutuş sergisi görkezildi. Şeýle hem bu ýerde guralan sergide täze obanyň keşbi göründi. Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, ýerli howa şertlerinde emele gelen dessurlar we çarwa adamlarynyň asylly ýörelgeleri barada gürrüň berýän sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
DÖWREBAP OBA GARAGUMA
ÖWÜŞGIN ÇAÝAR
Döwlet Baştutanymyz we daşary ýurtly myhmanlar baýramçylyk dabaralary guralan hatarlaryň içi bilen geçip, bu ýerde ýörite taýýarlanan ýere bardylar. Milli Liderimiz bu ýerde ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.
Diňe bir öz ýurdumyz däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem örän uly ähmiýeti bolan “Altyn asyr” Türkmen köli biziň Garaşsyzlyk ýyllarynda alyp barýan beýik işlerimiziň ajaýyp miweleriniň biridir, halkymyzyň buýsanjydyr. Çäge alaňlary gurşap alan giňişlikler suwuň gelmegi bilen özgerip, gök zolaga bürenýär. Täze obanyň düýbüniň tutulýan ýeri bolsa, ekologiýa taýdan arassalygy, tebigatynyň gözelligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalar hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär.
Bu ugurda toplan baý tejribämizi we döredijilik mümkinçiliklerimizi umumy bähbidiň hatyrasyna gönükdirmäge çalyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýakynda bu kölüň sebitini 2019 – 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny belläp, milli Liderimiz olarda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Geljekde bu etraplarda dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu tutumly işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýakyndan gatnaşmalydyklaryny belledi. Hususan-da, balykçylyk hojalyklary ýörite balyk tutulýan enjamlar ornaşdyrylan gämiler bilen üpjün edilen toparlar döredilmelidir.
Şol işleriň ilerlemegi medeni zolakdan alysda ýerleşjek täze obanyň doly manysynda emele gelmegine, bu ýere ilatyň göçüp gelmegine, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyna mümkinçilik berer. Garagumuň merkezinde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäklerinde guruljak täze oba “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu döwrebap obanyň gurluşyk işleriniň birinji tapgyry 2019–2022-nji ýyllarda amala aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlap, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanar. Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşiniň, Polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, Saglyk merkezi, içerki ýollar hem-de gaz, agyz suwy, lagym we elektrik geçiriji ulgamlar, suw süýjediji desga gurlar. Şeýle hem kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik stansiýasy, seýilgäh, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki we daşarky eltiji inžener ulgamlary, ýangyç guýujy beket, balykçylyk hojalygy, azykdyr senagat harytlary dükany bina ediler. Şonuň ýaly-da, birinji tapgyrda 60 sany bir gatly 4 otagly, 20 sany bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary, ikinji tapgyrda bolsa, 44 sany bir gatly 4 otagly, 88 sany hem bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Umuman, täze oba döwrebap şäher bilen bäsleşip, onda adamlaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli amatlyklar dörediler. Garagum sährasy özgerip, bu ýerlerde bagtyýar durmuş gaýnap joşar. Bu bolsa, biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene-de bir mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra oglanjyk bilen gyzjagaz döwlet Baştutanymyzyň ýanyna gelip, joşgunly goşgy setirleri bilen milli Liderimizi gutladylar we Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan köp ugurly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler. Çagalaryň haýyşy esasynda hormatly Prezidentimiz şanly waka mynasybetli geljek nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazga gol çekdi. Ol ýörite guta ýerleşdirildi. Milli Liderimiz gutyny täze obanyň ilkinji desgasynyň binýadyna oklap, oňa ilkinji beton garyndylaryny atdy.
Dabara tamamlanandan soňra döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen bolan söhbetdeşlikde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň wajypdygyny belledi.
TÜRKMEN KÖLI – SEBIT ÜÇIN
TÄZE MÜMKINÇILIKLER
Dabara daşary döwletleriň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk görnüşinde dowam etdi. Onuň dowamynda Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek, şeýle hem ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly esasy üç ugry özünde jemleýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýurdumyzyň özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasy ekologiýa, ykdysadyýet we durmuş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin pugta esas bolup hyzmat eder. Ol ýurdumyzyň durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak babatda gazanan oňyn tejribesini tutuş sebit boýunça ýaýratmak üçin ägirt uly mümkinçilikdir.
Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň tebigaty goraýyş we durmuş-ekologik ulgamy ösdürmekdäki ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy ekerançylyk meýdanlaryndan çykýan şor suwlary bir ýere jemlemek meselelerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ozallar bu suwlar Amyderýa we Garagum derýasyna, şeýle hem öri meýdanlaryna akdyrylýan bolsa, indi bu ähmiýetli taslama esasynda Türkmenistan sebitde ilkinji bolup, daşky gurşawyň goraglylygyna örän aýawly çemeleşmegiň beýanyna öwrülen şeýle taslamany durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň hojalygara we ulgamlaýyn zeý suwlaryny ekologiýa taýdan arassa ýere – Garaşor çöketligine ýygnamak baradaky ýörelge amala aşyrylyp başlandy. Garaşor Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýär. Umumy uzynlygy 103 kilometre, ini bolsa 18,6 kilometre barabar bolan bu howdanyň ortaça çuňlugy 70 metr bolup, onuň mukdary 132 kub kilometre barabardyr. “Altyn asyr” Türkmen kölüne barýan suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2 müň 659 kilometrdir. Esasy akaba welaýatlardan çekilen akabalaryň umumy uzynlygy bolsa 1 müň 553 kilometre deňdir. Häzirki döwürde ýygnalyp, soňra köle ugradylýan “Akýaýla” suw howdanynyň möçberi 970 million kub metre barabardyr. Umuman, Garagumda iri suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalyk we guraklyk bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.