Kos­mos gi­ňiş­li­gin­de 4,6 mil­liard ýyl ozal eme­le ge­len­di­gi çak­la­nyl­ýan to­zan we gaz bu­lu­dyn­da ga­lan daş we me­tal bö­lek­le­ri bar. Gü­nüň tö­we­re­gin­de, Mars bi­len Ýu­pi­te­riň ara­syn­da bel­li bir or­bi­ta­da aý­lan­ýan dür­li ulu­lyk­daky daş we me­tal bö­le­jik­le­ri­ne as­te­ro­id di­ýil­ýär. As­te­ro­id gu­şak­ly­gy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ýer­de uly göw­rüm­li mil­li­on­lar­ça daş bar. As­te­ro­id­ler pla­ne­ta­lar­dan has ki­çi bo­lup, ola­ryň ulu­ly­gy­nyň ýüz­ler­çe ki­lo­met­re ýet­ýän­le­ri hem bar. My­sal üçin, bu gu­şak­lyk­da­ky iň uly ji­sim bo­lan Se­re­ra­nyň giň­li­gi 940 km. As­te­ro­id­den ýa-da ko­me­ta ýa­ly dür­li as­man ji­sim­le­rin­den go­pan ki­çi daş­la­ra bol­sa, me­te­ro­it (as­man­daş) di­ýil­ýär. Me­te­ro­it­ler kä­ha­lat­lar­da Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na gir­ýär­ler. At­mos­fe­ra gi­ren daş­la­ra me­te­or di­ýil­ýär. Ola­ryň çä­ge ýa-da ça­gyl ýa­ly maý­da gör­nüş­le­ri atmos­fe­ra­da­ky kis­lo­ro­da urup ba­da-bat ýan­ýar. Ýa­nan wag­ty ýal­dy­ra­wuk yz gal­dyr­ýan­dy­gy üçin halk ara­syn­da oňa “ýyl­dyz süýn­di” di­ýil­ýän hem bol­sa, bu te­bi­gy ha­dy­sa­nyň ýyl­dyz bi­len hiç hi­li bag­la­ny­şy­gy ýok. Ga­ty seý­rek hem bol­sa, kä­bir me­te­or­lar Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na gi­re­nin­de ýa­nyp gu­tar­ma­ýar we ýe­re gaç­ýar.