Suw – ýa­şaý­şyň çeş­me­si. Onuň or­nu­ny tu­tup bil­jek hiç zat ýok. Şol se­bäp­li su­wuň is­rip edil­mez­li­gi örän mö­hüm bo­lup dur­ýar. Dün­ýä­de ýa­şaý­şyň çeş­me­sin­den peý­da­lan­mak üçin ýüz­ler­çe tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bi­ler­men­ler Ýer ýü­zün­dä­ki suw go­ru­nyň çäk­siz däl­di­gi üçin onuň bi­sar­pa ula­nyl­ma­gy­na ýol be­ril­me­li däl­di­gi­ne ün­si çek­ýär­ler. Eý­sem, bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da ulan­ýan zat­la­ry­myz – egin-eşik­le­ri­mizi öndürmek, iý­ýän na­ha­ry­myz, iç­ýän ça­ýy­myz üçin nä­çe­räk suw sarp edil­ýär­kä?! Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň 2019-njy ýyl üçin taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da şu­lar ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär we suwdan tyg­şyt­ly peý­da­la­nyl­ma­ly­dy­gy aý­dyl­ýar. Mag­lu­mat­da ila­tyň art­ma­gy we azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len ýa­kyn gel­jek­de su­wa bo­lan ze­rur­ly­gyň hem art­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasynyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bir çaş­ka ko­fe üçin to­hu­my eki­len wag­tyn­dan baş­lap, bi­ziň öňü­miz­e gel­ýän­çä je­mi 140 litr suw harç­lan­ýar. Sarp edil­ýän su­wuň 70 gö­te­ri­mi oba ho­ja­ly­k we mal­dar­çy­lyk pu­da­gyn­da ula­nyl­ýar. Bir ki­log­ram et üçin bol­sa, or­ta­ça 15 müň 400 litr suw sarp edil­ýär. Munda su­wuň uly bö­le­gi ot we iým önüm­çi­li­gi üçin ula­nyl­ýar. Di­ňe azyk önüm­le­ri däl, eý­sem egin-eşik ön­dür­mek üçin hem su­wa ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Bir köý­nek­çe üçin 2 müň 720 litr, bir jinsi öndürmek üçin 10 müň litr suw ge­rek bol­ýar.
Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň hü­när­men­le­ri suw gor­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­ly­dy­gy­na, oba ho­ja­lyk, ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi, se­na­gat we ho­ja­lyk­da ula­nyl­ýan su­wuň bi­sar­pa ula­nyl­ma­ly däl­di­gi­ne ün­si çek­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da suw­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ýa­gyş we hapa suw­la­ry­ dür­li mak­sat­lar bi­len ulan­mak üçin aras­sa­la­mak, hat­da ho­wa­dan suw al­mak ýa­ly tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Al­tyn Us­sa­ýe­wa,
S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň uly mu­gal­ly­my.