Tutuş musulman dünýäsinde we türkmen topragynda mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Ýene-de sanlyja günden 30 günläp dowam eden mukaddes Oraza aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan Oraza baýramy belleniler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Oraza baýramy milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda, giňden bellenilýär. Bu baýram gününde ak mermerli paýtagtymyzda, eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda halkymyzy has-da jebisleşdirýän, bagtyýar nesillerimizde ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny terbiýeleýän baý mazmunly baýramçylyk çäreleri geçirilýär.
Oraza ýa-da Remezan baýramy ýaşaýşa joşgunlyk goşýan, duýgularyň belende göterilýän, begenç we şatlyk bilen garşy alynýan mübärek baýramçylykdyr. Baýramçylyklaryň jemgyýeti jebisleşdirmek taýyndan ähmiýeti örän uludyr. Gadymy döwürlerden bäri her bir halkyň özüne mahsus baýramlary bolupdyr.
Baýramlaryň, mübärek günleriň we gijeleriň tutuş maşgala bolup bellenmegi, aýratynam çagalaryň milli däp-dessurlara goýýan hormatynyň we ruhy kämilliginiň artmagy üçin juda ähmiýetlidir. Bu hem kiçi ýaşdan başlap, çagalarda öz milliligini goramak, olara buýsanmak düşünjesi ösýär.
Oraza baýramy güni irden turup, ýuwunmak, dişleriňi arassalamak, ýakymly ysly atyrlar sepinmek, arassa we täze eşikleriňi geýmek baýramyň edeplerindendir. Remezan baýramynda namazdan öň hurma ýaly süýji zatlar iýip metjide gitmek has sogaplydyr. Türkmençilikde-de Oraza baýramynda birek-birege “Namaz-orazalaryňyz kabul bolsun!” we “Sadakalaryňyz kabul bolsun!” ýaly ýagşy dilegler etmek däbe öwrülipdir.
Bu rehimdarlyk çäresi milli Liderimiziň türkmen halkynyň köpasyrlyk ruhy ýörelgelerine, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” atly şygary öz işiniň baş maksady edip goýan hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň her bir raýaty hakyndaky yzygiderli aladasynyň beýanyna öwrüldi.
Gadyr gijesi – gadyr bilyänleriň gijesi
Sahawatly Gadyr gijesini özünde jemleýän Oraza aýy haýyr-sahawatyň rowaçlanýan aýydyr. Remezan aýynyň 27-nji gijesi Gadyr gijesi hökmünde bellenilýär. Bu gije, mübärek gijeleriň iň belent mertebelisidir we “Gijeleriň Soltany” diýlip atlandyrylandyr. Gadyr gijesiniň mukaddes we bereketli gijedigi barada Gurhanda şeýle diýilýär:
“Biz Gurhany Gadyr gijesinde indirdik. Gadyr gijesiniň nämedigini bilýärmiň? Müň aýdan has haýyrlydyr Gadyr gijesi. Ol gije Rebbiň rugsady bilen perişdeler her dürli iş üçin iner durar… Eýýäm şol gije aman-esenlik dowam eder.. tä daňa çenli.“
Mälim bolşy ýaly, Allatagala şu synag dünýäsinde möhüm zatlary gizläp goýupdyr. Şonuň üçin Oraza aýynda-da Gadyr gijesi gizlenipdir. Muhammet Pygamber Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden (21, 23, 25, 27-nji gijeler) gözlemelidigini aýdypdyr. Ýöne 27-nji gijäniň Gadyr gijesidigi hakynda aýratyn nygtalyşy ýaly, alymlaryň aglaba bölegi hem şeýle kabul edipdir we tutuş yslam äleminde 27-nji gijäni Gadyr gijesi hökmünde gutlamak däbe öwrülipdir.