Başlangyjy 1-nji sahypada.
Mek­de­bi ta­mam­lap, öz­baş­dak dur­muş ýo­lu­na ga­dam goý­ýan ýet­gin­jek­le­riň we gyz­la­ryň müň­ler­çe­si üçin “Soň­ky jaň” da­ba­ra­la­ry has tol­gun­dy­ry­jy bol­ýar. Olar mek­dep ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny öz­leş­dir­mek bi­len kä­mil bi­lim al­dy­lar. In­di bol­sa, olar mek­dep ýyl­la­ryn­da alan bi­lim­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge hem-de bel­li bir hü­nä­riň ba­şy­ny tut­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar­lar. Ola­ryň öňün­de giň ýol­lar açyl­dy, il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bol­şy ýa­ly, da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim­le­ri­ni do­wam et­mä­ge bo­lan ägirt uly şert­ler dö­re­dildi.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­muş ul­ga­my­ny na­zar­la­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýaş ne­sil­le­riň sag­ly­gy, ter­bi­ýe­si, bi­li­mi we aň-paý­has müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ola­ryň mek­dep ýyl­la­ryn­da kä­mil bi­lim al­ma­gy üçin ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da ber­ki­dil­ýär, ýaş­la­ryň ukyp­la­ry­ny we ba­şar­nyk­la­ry­ny açyp gör­kez­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Her ýyl­da ýur­du­my­zyň şä­her­le­rin­de we çet­dä­ki kün­jek­le­rin­de hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter­le­ri, okuw-teh­ni­ki en­jam­la­ry, mul­ti­me­di­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­ýän hä­zir­ki za­man mek­dep­le­ri, mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­lar eda­ra­la­ry we ça­ga­lar sa­gal­dyş- dynç alyş mer­kez­le­ri gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Mek­dep okuw­çy­la­ry­na öw­re­dil­ýän da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň gör­nüş­le­ri art­dy­ryl­ýar we ola­ryň oka­dy­lyş usu­ly kä­mil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da iň­lis, fran­suz, ne­mes, ýa­pon dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän okuw mek­dep­le­ri üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär. Ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry hal­ka­ra ders bäs­le­şik­le­rin­de, tas­la­ma olim­pia­da­la­ryn­da hem baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, ýaş nes­le ylym-bi­lim ber­ýän mu­gal­lym­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dyr­ylma­gy­na hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ylym-bi­lim pu­da­gyn­da döw­re­bap öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de uçu­rym bol­mak bag­ty türk­men ýaş­la­ry üçin uly mer­te­be­dir. Olar bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal, ga­py­syn­dan ät­län mek­de­bi bi­len hoş­la­şyp, mun­dan beý­läk ýur­du­my­za peý­da­ly ne­sil­ler bo­lup, Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da ta­gal­la eder­ler.
“Soň­ky jaň” da­ba­ra­la­rynyň ýur­du­myz­da giň­den we uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bel­le­nil­ýän Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni bi­len ga­bat gel­me­gi hem buý­san­dy­ry­jy wa­ka­dyr.

Oraz­dur­sun Gel­di­ýe­wa,
Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň 18-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.