Gün­do­ga­ryň mer­je­ni, söý­gi­niň we bag­tyň şä­he­ri Aş­ga­bat ju­wan­ly­gy­ny ba­ky­laş­dy­ryp, uçu­rym­lar bi­len öz gü­nü­ni bel­le­ýär. Her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da er­kin­li­giň, pa­ra­hat­çyly­gyň, ak ar­zuw­la­ryň ala­ma­ty bo­lup uçu­rym­lar ta­ra­pyn­dan asu­da as­ma­ny­myza uçurylýan ak kep­de­ri­ler ak gül­le­re bes­le­nip otu­ran ak mer­merli paý­tag­ty­my­za be­lent­den ba­kyp aşyk bol­ýar­lar. Günsa­ýyn owa­dan­laş­ýan aba­dan şä­herimiz bu gün dün­ýä­niň üns mer­ke­zin­de.
Öýüň ýü­re­gi ojagy bolsa, ýur­duň ýü­re­gi hem paý­tag­ty­dyr. Adam­zat jem­gy­ýet­çi­lik aňy­na eýe bo­lup ýurt, döw­let gur­mak ne­ti­je­si­ne ge­le­li bä­ri, il­kin­ji no­bat­da, ýur­duň mer­ke­zi­ni, paý­tag­ty­ny bel­le­me­gi wa­jyp me­se­le ha­sap­lap­dyr. Bu gün dün­ýä­niň üns mer­ke­zi­ne öw­rü­len Wa­ta­ny­my­za gel­ýän myh­man­la­ryň Aş­ga­ba­dyň aras­sa­çy­ly­gy­ny, owa­dan­ly­gy­ny we aba­dan­ly­gy­ny aý­ra­tyn bel­läp geç­mek­le­ri bi­ziň üçin ju­da buý­sanç­ly ýag­daý­dyr.
Ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň bi­na­la­ry, me­de­ni mak­sat­ly des­ga­lar, ylym-bi­lim eda­ra­la­ry, söw­da we dynç alyş mak­sat­ly mer­kez­ler, şa­ýol­la­ry gün-gün­den gö­zel­leş­ýän Aş­ga­ba­dyň ýaraşygydyr. Paý­tag­ty­myz­da­ky “Me­de­ni­ýet”, “Yk­dy­sa­dy­ýet”, “Olim­pi­ýa” şä­her­çeleri bol­sa, Wa­ta­ny­my­zyň ýü­re­gin­de gaý­nap-joş­ýan bag­tyň hem zäh­me­tiň su­but­na­ma­sy­dyr. Söý­gi­niň hem bagtyň bir­leş­ýän ýe­ri bo­lan “Bagt köş­gü­niň”, myh­man­la­ra kalp tö­rü­ni aç­ýan “Oguzkent”, “Aş­ga­bat”, “Ýyl­dyz”, “Nu­saý” ýa­ly döw­re­bap myh­man­ha­na­la­ryň binagärlik keşbi gö­re­nleri haý­ra­na goý­ýar. In­di en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da şa­hyr­la­ryň şy­gyr­la­ry­na yl­ham berýän Aş­ga­bat ha­kyn­da gör ni­çe­me aý­dym­lar dö­re­dil­di. “Aş­ga­ba­dyň ag­şa­my”, “Aş­ga­bat”, “Aşyk­la­ryň şä­he­ri” ýa­ly bir­nä­çe aý­dym­la­r kal­by­my­zy joş­dur­ýar. Ine, şeý­le aja­ýyp aý­dym­la­ryň üs­tü­ni bol­sa, 25-nji maý­da ýur­du­myz­da Aş­ga­ba­dyň gü­ni bi­len ut­ga­şyp gel­ýän “Soň­ky jaň” da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li ýaň­la­nan aý­dym­lar ýe­tir­ýär. Bu da­ba­ra­lar asyl­ly däp bo­lup ga­lan, Aş­ga­bat şä­he­ri­miz­den hem-de äh­li we­la­ýat­la­ry­myz­dan we­kil­çi­lik ed­ýän uçu­rym­la­ryň gatnaşmagynda Ga­raş­syz­lyk we Kons­ti­tu­si­ýa bi­na­la­ry­na gül des­se­le­ri­ni goý­mak çä­re­le­rin­den ­başlan­ýar. Şeý­dip Aş­ga­ba­dyň gü­ni ýe­ne-de ýüz­ler­çe aý­dy­ma yl­ham bo­lup, sun­ga­ta aşyk gö­wün­le­re dol­ýar.

Gunça ESE­NO­WA,
Türk­me­n döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.