Ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri örän çy­dam­ly bo­lup, ola­ra aşa ys­sy ýa-da so­wuk ho­wa hem tä­sir et­me­ýär. Alym­lar haý­sy ösüm­li­giň nä­hi­li ho­wa şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ýan­dy­gy­ny öw­ren­mek üçin dür­li yl­my iş­le­ri ge­çir­ýär­ler. Şeý­le hem gu­rak, şor­la­şan we beý­le­ki ýa­ra­maz top­rak şert­le­rin­de ýo­ka­ry ha­syl ber­ýän ekin­le­riň gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek üçin hem iş alyp bar­ýar­lar. Tä­ze gör­nüş­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len alym­lar iň çy­dam­ly ösüm­lik­le­ri anyk­la­dy­lar.

Ger­ma­ni­ýa­ly alym­lar Mars pla­ne­ta­syn­da­ky şert­ler­de hem ýa­şap bil­jek iki sa­ny ösüm­li­gi ýü­ze çy­kar­dy­lar. Hü­när­men­ler Şweý­sa­ri­ýa­dan we An­tark­ti­ka­dan bu iki ösüm­li­giň nus­ga­la­ry­ny alyp, çen­de­na­şa gu­rak, pes ho­wa ba­syş­ly, yzy­gi­der­li üýt­ge­ýän ýy­ly­lyk ýa­ly Gy­zyl pla­ne­ta mah­sus şert­ler­de goý­du­lar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ösüm­lik­ler fo­to­sin­tez et­me­gi­ni do­wam et­dir­di­ler.
Rus alym­la­ry müň­ler­çe ýyl ozal ýi­tip gi­den ösüm­li­gi bel­ka­nyň top­ra­gyň aşa­gy­na gö­müp go­ýan to­hum­la­ry­ndan peý­da­la­nyp, gaý­ta­dan ös­dür­di­ler. So­wuk ho­wa­ly ýer­ler­de ös­ýän “Si­le­ne ste­nop­hyl­la” at­ly bu gül­li ösüm­lik­ler do­ňan der­ýa­nyň ke­na­ryn­dan ta­py­lyp­dyr. Bu ösüm­lik­ler soň­ra kö­pel­dil­di. Hü­när­men­ler De­mir­ga­zyk pol­ýu­sa go­laý ýer­ler­de hem ýi­tip gi­den ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry­ny gaý­ta­dan ös­dü­rip bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Şeý­le hem ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ka­kao­nyň ko­fe­den has çy­dam­ly­dy­gy anyk­la­nyp­dyr. Ko­fe ösüm­li­gi ys­sy ýer­ler­de ýe­tiş­ýän hem bol­sa, ýi­ti Gün şöh­le­si onuň ýap­rak­la­ry­na ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Sal­wa­dor we Ni­ka­ra­gua ýa­ly kä­bir ýurt­lar­da ko­fe­niň de­re­gi­ne ka­kao ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip baş­lan­dy.
Ek­wa­lipt agaç­la­ry hem çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ga­dy­my grek­çe­de “o:t ösüm­li­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu agaç­la­ra to­kaý ýan­gyn­la­ryn­da hem ze­per ýet­me­ýär. Bu agaç­la­ryň to­hu­my we na­ha­ly ýa­nan top­ra­gyň aşa­gyn­dan ösüp çyk­ýar.
Li­tops at­ly ösüm­lik hem çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Reňk­li ça­gyl daş­la­ry­na meň­ze­ýän­li­gi se­bäp­li bu ösüm­li­ge “jan­ly daş” ýa-da “al­tyn daş” hem di­ýil­ýär. Gü­nor­ta-Gün­do­gar Af­ri­ka­da ös­ýän bu ösüm­lik­ler dur­ky­ny üýt­get­mek ar­ka­ly jan­ly-jan­dar­lar­dan go­ran­ýar. Daş­lyk we çöl ýer­ler­de ös­ýän li­top­syň örän az bö­le­gi ýe­riň ýü­zün­de bo­lup, onuň kök­le­ri has uzyn bol­ýar. Hü­när­men­ler bu ösüm­li­giň has çy­dam­ly gör­nüş­le­ri­ni dö­re­dip bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Dün­ýä­de iň ga­dy­my jan­ly aga­jyň Gün­do­gar Ka­li­for­ni­ýa­da­ky 5 müň ýyl­dan bä­ri ösüp otu­ran brist­le­kon sos­na­sy­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu ösüm­lik­de köp muk­dar­da şep­bik bo­lup, şu se­bäp­li dür­li ke­sel­ler­den we te­bi­gy howp­lar­dan go­ran­ýar. Em­ma, ösüm­lik­le­riň has köp ýa­şa­ma­gy üçin ola­ry klo­n­la­mak ge­rek. Agaç­lar klo­n­lan­mak ar­ka­ly ge­ne­tik taý­dan meň­zeş ösüm­lik­ler bi­len şol bir kök ul­ga­my­na bag­la­nyp, bi­le­lik­de ös­ýär­ler. Klo­n­la­nan ko­lo­ni­ýa­lar müň­ler­çe ýyl­ ýa­şa­ýar. My­sal üçin, Ka­li­for­ni­ýa­da­ky Ju­ru­pa dub agaç­la­ry­nyň 13 müň ýyl­lyk­dy­gy çak­la­nyl­ýar.