29-njy maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di, on­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­re, şeý­le hem res­mi­na­ma­la­ryň taý­ýar­la­nan tas­la­ma­la­ry­na se­re­dil­di. Mil­li Li­de­ri­miz we­lo­si­ped­de “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan çy­kyp, ýur­du­my­zyň Hö­kü­met bi­na­sy­na gel­di. Soň­ky ýyl­lar­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­niň hem-de Aş­ga­ba­dyň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de ilat sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne giň­den çe­ki­lip, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň gu­ral­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan et­di. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da spor­tuň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ha­sap­la­nyl­ýan we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­pe­diň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hö­kü­me­tiň bi­na­syn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, he­mi­şe bol­şy ýa­ly, biz je­na­ýat eden­dik­le­ri üçin iş ke­si­len we eden et­miş­le­ri­ne ökü­nip, ak ýü­rek­den to­ba ge­len ra­ýat­la­ryň uly baý­ram­la­ry­my­zyň öň­ýa­nyn­da gü­nä­si­ni geç­ýä­ris di­ýip bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mu­kad­des Ga­dyr gi­je­si my­na­sy­bet­li iş ke­si­len 764 sa­ny ra­ýat­la­ry­my­zyň tus­sag­lyk­dan bo­şa­dyl­ma­gy­na de­giş­li Per­ma­na gol çek­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry öz gö­zeg­çi­lik ed­ýän ugur­la­ryn­da edi­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si BMG-niň Nýu-Ýork­da ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ge­lip gow­şan hoş ha­bar bi­len baş­lan­dy. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň 2019-njy ýy­lyň 28-nji ma­ýyn­da ge­çi­ri­len 85-nji mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Bu Ka­rar­na­ma­nyň dö­re­di­ji­le­ri bo­lup 21 döw­let çy­kyş et­di. De­giş­li Ka­rar­na­ma­da ge­çen ýy­lyň 24-nji aw­gus­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri do­ly gol­da­nyl­ýar. Şeý­le hem bu res­mi­na­ma BMG-niň we Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ul­gam­la­ýyn esas­da alyp bar­mak üçin hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­red­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi ha­kyn­da­ky mag­lu­ma­ty ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, tu­tuş türk­men hal­ky­ny bu wa­jyp ta­ry­hy wa­ka bi­len gut­la­dy.
Mej­li­siň bar­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sat­ly Türk­me­nis­ta­na gel­ýän Ýa­po­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry üçin kon­sul­lyk ýy­gy­my­nyň möç­be­ri­ni bel­le­mek ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň dä­be öw­rü­len dost­luk­ly we ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di.
Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň bar­şyn­da ýo­ka­ry tö­wek­gel­çi­lik­li önüm­çi­lik şert­le­rin­de iş­le­ýän iş­gär­le­riň önüm­çi­lik­de bo­lan bet­bagt­çy­lyk­ly ha­dy­sa­lar­dan we hü­när ke­sel­le­rin­den hök­ma­ny döw­let şah­sy äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy ba­ra­da­ky me­se­le bo­ýun­ça ha­sa­bat be­ril­di.
Bu­lar­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri, şol san­da gal­la ora­gy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk we go­wa­ça ideg edi­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat­lar diň­le­nil­di. Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly gys­ga wagt­da ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te iş me­ýil­na­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Şu ýy­lyň 22-24-nji okt­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy – 2019” at­ly XXIV hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na we ser­gi­si­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk­lar ba­ra­da aý­dyl­dy. Bu fo­rum “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni hem-de ýur­du­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­ra­lar. Şeý­le hem mej­lis­de ulag we ara­gat­na­şyk pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da aý­dy­lyp, dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, lo­gis­ti­ki mer­kez­ler ar­ka­ly gel­jek­de ulag de­mir ýol to­ru­ny ke­ma­la ge­tir­mek üçin hal­ka­ra ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ul­gam­la­ýyn iş­le­riň do­wam ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Olar se­bit we hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­dy­sa­dy ösüş ga­zan­ma­ga hyz­mat eder.

Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan hem-de şu ýyl ula­nyl­ma­ga be­ril­jek iri önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar hem-de des­ga­lar ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019–2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň 11 müň 339-sy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şa­ry ýurt­lar­da türk­men ha­ly­la­ry­ny ýer­le­mek, şo­la­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, hil de­re­je­si­ni, eko­lo­gi­ýa ba­bat­da­ky ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar­da türk­men ha­ly­la­ry­nyň söw­da­sy­ny gu­ra­ýan ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­kan­la­ry aç­mak ba­bat­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da-da ha­sa­bat be­ril­di. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan kär­ha­na dö­re­dil­di. BAE-niň Du­baý şä­he­ri­niň sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ge­lim-gi­dim­li et­ra­by ha­sap­la­nyl­ýan çä­gin­de ýer­leş­ýän we meý­da­ny 84 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan söw­da mer­ke­zi­niň için­de dü­kan ja­ýy kä­ren­dä alyn­dy. Bu kär­ha­na­nyň üs­ti bi­len bö­lek sa­tuw­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň köp gör­nüş­li eks­port ha­ryt­la­ry­nyň lo­maý söw­da­sy­ny ýo­la goý­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Du­baý şä­he­rin­dä­ki tä­ze söw­da dü­ka­ny­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny şu ýy­lyň iýun aýy­nyň bi­rin­ji on­gün­lü­gin­de gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Hö­kü­met mej­li­si­niň bar­şyn­da ylym-bi­lim hem-de me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­bat­da-da ha­sa­bat­lar be­ril­di. Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re se­re­dil­di we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.