Her ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistan tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu gün döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelere ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde, resmi taýdan milli baýramçylyklaryň sanawyna goşuldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň ählisinde terbiýelenýän çagalaryň sazlaşykly ösüşi, göwnejaý dynç almagy we wagtyny hoş geçirmegi üçin diýseň oňat şertler döredildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar baglarynda birkemsiz üpjün edilen döredijilik studiýalary we sport zallary, kompýuter boýunça başlangyç bilim berilýän otaglar we daşary ýurt dillerini öwretmek üçin lingafon otaglary bar.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýaş nesli ýurduň geljegine deňäp, olara döwrebap bilim berilmegi, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi bilen bagly tabşyryklary berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda ýurdumyzda bu ugurda toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015–2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň başda durmagynda geljegimiz bolan çagalar çuňňur alada bilen gurşalýar. Çagalar baglarynyň täze binalaryny ulanmaga bermek indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şäherlerimizde çagalaryň oýnap, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin niýetlenilen meýdançalaryň sany yzygiderli artýar. Çagalar baglaryndaky terbiýeçilik işleri edepli-ekramly, ylymly-bilimli, medeniýetli nesilleri ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ýerde çagalar jemgyýetde bilelikde we agzybirlikde ýaşamagyň ilkinji endiklerine eýe bolýarlar, Watanyňy, il-günüňi söýmegi öwrenýärler. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomsuna dynç alýan ýaş türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Şol şypahanalarda göwnejaý dynç almak, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy, ýaş nesil hakynda aladanyň öňe sürülmegi ugrunda halkara guramalary bilen, şol sanda BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 1992-nji ýyldan gözbaş alýan bu hyzmatdaşlygyň häzirki wagtdaky ugurlary has-da giň gerimlidir. ÝUNISEF Türkmenistana möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramakda we bilim ulgamynda gysga möhletde ýokary üstünliklere ýetildi. Döwletimizde degişli hünär ugurly lukmançylyk edaralarynyň giň gerimli ulgamy döredildi, umumybilim berýän, ýöriteleşdirilen, çeperçilik, sport we beýleki mekdepler iň häzirki zaman derejesinde enjamlaşdyrylýar. Türkmen ýaşlary diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak mümkinçiligine eýedirler. Çagalarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sporta bolan söýgini artdyrmak ugrunda köp işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaş türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin sport bäsleşikleri yzygiderli guralýar.
Ýaşajyk türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilen iri möçberli çäreler ýurdumyzda diňe bir Çagalary goramagyň halkara gününde däl-de, eýsem, yzygiderli esasda geçirilýär. Çagalary goramagyň halkara güni – munuň özi çagalar üçin şowhunly baýram bolman, eýsem, adalatly we abadan jemgyýetiň kemala gelmegi üçin zerur şertleriň biri bolan çaganyň hukugynyň berjaý edilmeginiň zerurlygyny äşgär edýän ýagdaýdyr.
Bahar Huseýinowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.