6-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy.
Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. Şol hasabatlardan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýar.
Ministrler Kabinetiniň mejlisi milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan hasabat bilen başlady. Bellenilişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Ösüş depgini senagat pudagynda 4 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,1 göterim, söwdada 11,8 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 8 göterim ýokarlandy. Gurluşyk pudagynda hem oňyn netijeler üpjün edildi. Umuman, ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterim artdy.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,53 milliard manada we çykdajy bölegi 7,49 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim ýokarlandy. Ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça degişli gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Soňra hökümet mejlisiniň çäklerinde aýry-aýry pudaklar boýunça 2019-njy ýylyň 5 aýynyň netijeleri barada hasabatlar berildi. Şol hasabatlara laýyklykda, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,6 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň meýilnamasy 115,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 106,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnama 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 113,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 109,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,5 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Degişli döwürde bu düzümler önümçilik meýilnamasyny 119,6 göterim ýerine ýetirdiler, ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçiligiň ösüş depgini 153,9 göterime deň boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň ösüş depgini 148,8 göterim derejesinde bellenildi. Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça 109,9 göterim ösüş gazanyldy. “Türkmensenagat” agentligi boýunça 109,5 göterim, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 123,7 göterim, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 100,3 göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 113,7 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 177 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 106,6 göterim ösüş gazanyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi we 104,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy ýanwar-maý aýlarynda 100,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy. Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 101,6 göterim ýerine ýetirildi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi 24 göterim, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 24,4 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 23,6 göterim, öndürilen önümiň möçberi bolsa 14,4 göterim artdy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça birža söwdalarynyň 105-si geçirildi. Şolaryň barşynda 12 müň 681 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmatlaryň möçberi 26,5 göterim artdy we sergileriň hem-de maslahatlaryň 6-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 21,8 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň möçberi 4,9 göterim artdy. Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde, daşary ýurtlara eksport edilen azyk harytlarynyň möçberi 26,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň möçberi 3,3 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berildi. Hasabat döwründe dürli medeni çäreler geçirildi. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn hem-de usulyýet binýadyny pugtalandyrmak, okuw işlerine ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni, şol sanda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça toplumlaýyn işler geçirildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn çäreler alnyp baryldy. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Şeýle hem Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen hem-de milli parlamentiň kanunçylyk işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň bäş aýynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 11-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz ähli hasabatlardan soňra wideokonferensiýa görnüşinde Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, ýakynda ýurdumyzda iri syýasy wakanyň–Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilendigini belledi. Halkara synçylarynyň we bu duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy baha bermegine görä, onuň bilen baglanyşykly çäreleriň ählisi guramaçylykly hem-de iň ýokary derejede geçirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu forumy taýýarlamaga gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, bäş aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri şu ýyl ýurdumyzyň durnukly depginli ösmegini dowam edýändigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijelerine geçip, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň durnukly saklanýandygyny belledi. Kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ozalkysy ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar. Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde eksport edilen möçberi 14 göterim artdy. Şol bir wagtda importuň möçberi bolsa, 20 göterim azaldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgini gazanyldy.
Geçen bäş aýda ýurdumyzda senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde ulanmaga berildi. Ykdysadyýetimizde amala aşyran üstünlikli işlerimiziň netijesinde, biz maliýe serişdelerini toplap, welaýatlarymyzda köp sanly şäherçeleri gurmaga başladyk. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygyna girişdik. Häzir Aşgabatda täze şäheri gurmagyň üstünde hem işleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistana daşary ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň birnäçesiniň saparlary bellenildi. Öňümizde birnäçe halkara çäreler, maslahatlar, şol sanda Hazar ykdysady forumy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi bar. Milli Liderimiz bu ähmiýetli wakalary iň ýokary derejede guramak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek we hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça wezipeleriň ileri tutulýan derejededigi barada aýdyp, Ahal we Balkan welaýatlarynda birnäçe şäherçeleriň gurluşygyna eýýäm başlanandygyny belledi. Bu işler geljekde hem dowam etdiriler. Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, 26-njy iýunda Lebap welaýatynda, 27-nji iýunda Mary welaýatynda, 28-nji iýunda bolsa, Daşoguz welaýatynda täze şäherçeleriň düýbüni tutmak dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, wise-premýerlere häkimler bilen bilelikde desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna seretmegi tabşyrdy.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.