ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem-de ýurduň baş hanymy Melania Tramp Ýewropa ýurtlarynda saparda boldy. Prezident Donald Tramp ýurduň döwlet Baştutany hökmünde Beýik Britaniýada ikinji gezek bolýar. Ýöne bu gezekki sapary Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II çakylygy boýunça döwlet sapary derejesinde amala aşyryldy.
Tramp Beýik Britaniýa 3 günlük saparynyň ilkinji güni Bukingem köşgünde şa zenany bilen duşuşdy. Soňra Trampyň ýurduň Premýer-ministri Tereza Meý bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady meseleler bilen bir hatarda, halkara derejesindäki meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar täze söwda ylalaşygynyň üstünde iş alnyp barylýandygyny, bu ylalaşygyň ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmaga kömek berjekdigini bellediler.
Beýik Britaniýa ABŞ-nyň iň uly 5-nji eksport bazary, şol bir wagtda iň uly 7-nji import gatnaşyklaryny amala aşyrýan ýurdudyr. Jemi içerki önüminiň möçberi 2,62 trillion dollara deň bolan Beýik Britaniýa dünýä ykdysadyýetiniň 4,4 göterimine eýedir. Ýewropa Bileleşigi Beýik Britaniýanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup, söwda gatnaşyklarynyň 49,4 göterimini eýeleýär. ABŞ bolsa, Beýik Britaniýanyň söwda we hyzmatdaşlar pudagynyň 14,7 göterimini eýeläp, ikinji orunda durýar. ABŞ-nyň hökümetiniň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 262 milliard dollara deň boldy. ABŞ-dan Beýik Britaniýa ugradylan harytlaryň we edilen hyzmatlaryň eksporty 141 milliard dollara barabar boldy. Maýa goýum möçberi 1 trillion dollara golaýlady.
ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň arasynda aýratyn ähmiýete eýe bolan gatnaşyklar bar. Şonuň üçin şa zenanyň çakylygy boýunça ABŞ-nyň Prezidentiniň döwlet sapary amala aşyryldy. Umuman, bu sapar üçin çakylyk Donald Tramp wezipesine girişen döwri iberilipdi. Käbir sebäplere görä, onuň amala aşyrylmagy häzirki wagta gabat geldi. Donald Tramp şa zenanynyň uly hormat bilen Bukingem köşgünde kabul eden ABŞ-nyň 12-nji döwlet Baştutany boldy. Beýik Britaniýanyň şa zenany özüniň häkimiýetdäki 67 ýyllygynyň dowamynda ABŞ-nyň 12 sany döwlet Baştutany bilen duşuşdy. Ýelizaweta II özüniň ABŞ-a ilkinji saparyny 1951-nji ýylda amala aşyrypdy. Şol döwürde ol entek şazadanyň gyzydy. Şa zenany hökmünde ABŞ-a ilkinji saparyny 1957-nji ýylda amala aşyrypdy.
Şondan soňra Ýelizaweta II ABŞ-nyň köp sanly Prezidenti bilen duşuşdy. Olary öz ýurdunda kabul etdi, ABŞ-da saparlarda boldy.
Donald Trampyň bu sapary Fransiýanyň Normandiýa sebitiniň azat edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan çärelere hem gabat geldi. Normandiýa Fransiýanyň demirgazyk-günbatarynda hem-de Angliýa golaý ýerleşýän taryhy sebitdir. Şonuň üçin dabaraly çäreler La-Manş bogazynyň her iki tarapynda – Beýik Britaniýanyň Portsmut şäherinde hem-de Fransiýanyň Kann şäherinde geçirildi. Bu çärelere ABŞ-nyň Prezidenti hem gatnaşdy.
Soňra Prezident Tramp Fransiýada saparda bolup, bu ýerde ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen söwda-ykdysady hem-de howpsuzlyk ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdy.