Ame­ri­ka­ly ma­te­ma­tik­­ler ýö­ri­te en­jam dö­ret­di­ler. Şo­nuň esasynda, ýaş bä­bek­le­riň ýa-da ça­ga­la­ryň nä­me üçin ag­la­ýan­dyk­la­ry­na hem-de nä­me dü­şün­dir­jek bol­ýan­dy­klaryna dü­şün­mek bo­lar. Bu ul­gam ene-ata­lar hem-de ene­ke­ler üçin has gym­mat­ly sowgat bol­sa ge­rek.
– Bi­ziň mak­sa­dy­myz ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny iň ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­mak­dan hem-de ola­ryň dur­mu­şy­ny aň­sat­laş­dyr­mak­dan yba­rat. Ýa­kyn­da biz has­sa­ha­na­lar hem-de luk­man­çy­lyk yl­my mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edip baş­la­rys. Ol hem bi­ziň oý­lap ta­pan ul­ga­my­my­zy luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­ne or­naş­dyr­mak üçin müm­kin­çi­lik dö­re­der – di­ýip, de­mir­ga­zyk Il­li­noýs uni­wer­si­te­ti­niň aly­my Li­çu­an Lýu gür­rüň ber­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ma­te­ma­ti­ka­nyň ös­dü­ril­me­gi hem-de komp­ýu­ter­le­riň ha­sap­la­ýyş kuw­watly­lyk­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len eme­li aň ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di. Köp san­ly ene­ler hem-de ça­ga luk­man­la­ry bä­bek­ler ag­lan wag­ty ola­ry şol wagt­ bir zat­la­ryň bi­yn­ja­lyk ed­ýän­dik­le­ri­ne dü­şün­ýän bolsalar hem mu­nuň se­bä­bi­ni bil­mek kyn­rak düş­ýär.
Alym Lýu we onuň to­pa­ry ça­ga­la­ryň ag­lan pur­sat­la­ryn­da­ky ses sig­nal­la­ry­ny taý­ýar­lan en­ja­my ar­ka­ly ne­ti­je­len­dir­me­gi mak­sat edin­ýärler. Mu­nuň üçin olar ses­le­ri ta­na­ma­gyň ul­ga­my­ny dö­ret­di­ler. Bu al­go­rit­mi olar Il­li­noýs şta­tyn­da­ky ça­ga dog­rul­ýan sag­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­rin­de sy­nag et­di­ler. Köp san­ly ses ýaz­gy­la­ry­ny sel­je­ren alym­lar ça­ga­la­ryň is­leg­le­ri­ni ne­ti­je­len­dir­me­gi ba­şar­dy­lar. Ýa­kyn wagt­da alym­lar bu ul­ga­my has giň ge­rim­de sy­nag et­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Dünýägözel SEÝIDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçysy.