Amerikan aerokosmos edarasy NASA çuň kosmos atom sagady atly enjamy älem giňişligine iberer. Howurpejiň ululygyna barabar bolan enjam Ýeriň orbitasyndaky emeli hemralaryň ýerini anyklamaga ýardam eder. 22-nji iýunda “SpaceX Heavy Falcon” raketasy bilen uçuryljak enjam bir signalyň bir nokatdan beýleki nokada näçe wagtda barýandygyny ölçeýär. Şeýlelikde, Ýeriň orbitasynda aýlanyp ýören ýüzlerçe enjamyň ýerini anyklap bolar. Taslamany taýýarlan hünärmenler bu enjamyň Ýeriň orbitasynyň daşyna çykjak ilkinji atom sagady boljakdygyny belleýärler. Şeýlelikde, ol häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda bar bolan beýleki atom sagatlaryndan has peýdaly bolar. Bu atom sagady kosmosyň çuňluklaryna aralaşmazdan ozal, bir ýyllap planetamyzyň orbitasynda aýlanar. NASA-nyň beýanatynda eger sagat bir sekunt ýalňyş görkezse, Marsa gonduryljak gäminiň ýerini birnäçe kilometr ýalňyşdyryp biljekdigi bellenilýär. Häzire çenli geçirilen barlaglarda täze sagadyň GPS hemralaryndaky sagatlardan 50 esse takykdygy subut edildi. Sagat kosmos giňişliginde hem şeýle işlän ýagdaýynda iň takyk sagatlaryň biri bolar.