Hä­zir­ki wagt­da te­bi­gat üçin uly me­se­le bo­lup dur­ýan zy­ňyn­dy­la­ry ýok et­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. ABŞ-nyň Wa­şing­ton uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri plast­mas­sa zy­ňyn­dy­la­ryn­dan uçar ýan­gy­jy­ny ön­dür­me­giň usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Yl­my to­pa­ra ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Han­wu Lei bu usu­lyň şeý­le zi­bil­le­ri gaý­ta­dan peý­da­lan­mak üçin has aň­sat we iň go­wy usul­la­ryň bi­ri bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Hü­när­men­ler po­lie­ti­len we plast­mas­sa önüm­le­ri­niň zy­ňyn­dy­la­ry­ndan, suw we süýt gap­la­ry­ndan, plast­mas­sa tor­ba­la­ryn­dan peý­da­la­nyp­dyr. Han­wu plast­mas­sa­ny eret­me­giň aň­sat däl­di­gi­ni, hi­mi­ki bag­la­ny­şyk­la­ryň çö­zül­me­gi üçin ka­ta­li­za­to­ra ze­rur­lyk du­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Şeý­le hem ony ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk­da eret­me­li bol­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­niň zi­bil taş­lan­ýan ýer­le­rin­de mil­li­on­lar­ça ton­na plast­mas­sa bo­lup, ola­ryň gaý­ta­dan iş­len­me­gi üçin hal­ka­ra söw­da­sy hem edil­ýär. Bu zy­ňyn­dy­lar, esa­san hem, de­ňiz jan­dar­la­ry üçin howply bo­lup dur­ýar.
Hü­när­men­ler öz oý­lap ta­pan usul­la­ry­ny gys­ga wagt­da dur­mu­şa ge­çi­rip bol­jak­dy­gy­ny we plast­mas­sa­ny has az iş­le­mek ar­ka­ly di­zel ýan­gy­jy­nyň hem al­nyp bi­lin­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, plast­mas­sa ga­lyn­dy­la­ryn­dan ýan­gyç al­mak üçin baş­ga-da bir­nä­çe tas­la­ma­la­ryň üs­tün­de iş­le­nil­ýär.
Yl­my iş ba­ra­da “App­li­ed Ener­gy” žur­na­lyn­da ma­ka­la çap edil­di.