Dinozawr latynça “deinos – gorkunç, howply” hem-de “sauros – suwulgan” sözlerinden emele gelipdir.
Bilim dünýäsi dinozawrlar barada XIX asyryň ortalarynda iňlis alymy Riçard Oweniň açyşlaryndan soňra gyzyklanyp başlaýar.
Riçard Owen 1841-nji ýylda “dinozawr” sözüni orta atýar.
Häzire çenli ýitip giden bu jandarlaryň galyndylaryna salgylanyp geçirilen barlaglaryň netijesinde 850 töweregi dinozawr görnüşiniň bolandygy çaklanylýar.
Dinozawrlaryň köpüsi soňky 20 ýylda anyklanypdyr.
Bu jandarlar Ýeriň ýüzünde 160 million ýyl töweregi ýaşapdyrlar.
Ilkinji hasaba alnan dinozawryň galyndysy XVII asyrda Angliýanyň günortasynda tapylýar. Bu jandara “Megalosaurus” ady birnäçe ýyldan soňra berilýär.
Dünýäniň dürli ýerlerinde dinozawrlaryň aýak yzlary we süňkleri saklanyp galypdyr.
Saklanyp galan dinozawr süňklerini görkezýän muzeýler olaryň ululygynyň nähili bolandygyny bilmäge mümkinçilik berýär.
Biziň ýurdumyzda Köýtendagyň demirgazyk-günbatar eňňidinde millionlarça ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň aýak yzlary bar.
Dinozawrlaryň et hem-de ot bilen iýmitlenýän, uçýan, gury ýerde we suwda ýaşaýan görnüşleri bolupdyr.
Dinozawr ýumurtgasynyň
ululygy nähili bolduka?!
Ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandarlaryň arasynda ýumurtgasy düýeguşuňkydan ulusy ýok. Eýsem, nesli ýüz müňlerçe ýyl ozal ýitip giden dinozawrlaryň ýumurtgalary nähili bolduka?! Dinozawrlaryň köpüsi ot bilen iýmitlenen bolsa, käbiri beýleki jandarlary awlapdyr. Iň kiçi dinozawr (“Microraptor”) garga ýalyrak bolupdyr. Onuň ýumurtgasynyň hem garganyňka barabar bolandygy bellenilýär. Iň uly dinozawryň ýumurtgasy bolsa, futbol topy ýaly bolupdyr. Alymlar topdan uly ýumurtganyň öz agramyny göterip bilmän, aňsatlyk bilen döwüljekdigini belleýärler. Eger-de belli bir derejede galyň bolsa, onda onuň içine arassa howanyň geçmejekdigi sebäpli içindäki çaganyň ösmejekdigine ünsi çekýärler.