Kö­pür­jik çy­kar­ýan hal­ka­ly oý­na­wa­jy oý­nap gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek?! Bu oýun ho­wa­nyň maýyl wag­ty da­şar­da oý­na­mak üçin iň gy­zyk­ly oýun­la­ryň bi­ri­dir. Eý­sem, kö­pür­jik nä­dip eme­le gel­ýär­kä?! Üns be­ren bol­sa­ňyz, su­wuň ýü­zün­dä­ki kö­pür­jik­ler, kran ýa­py­lan­dan soň­ra ak­man ga­lan iň soň­ky dam­ja ýa-da sa­byn­ly suw­dan hal­ka­lar ar­ka­ly dö­re­­ýän şar­ja­gaz­lar to­ga­lak şe­kil­li bol­ýar­lar. Te­bi­gat­da­ky beý­le­ki ha­dy­sa­lar ýa­ly, mu­ny hem fi­zi­ka­nyň ka­nun­la­ry bi­len dü­şün­dir­mek müm­kin. Hü­när­men­ler mu­ny düýp­li öw­re­nip­dir­ler. Olar kö­pür­jik­le­riň we ho­wa­da eme­le gel­ýän şar­ja­gaz­la­ryň şe­ki­li­niň dart­gyn­lyk se­bäp­li to­ga­lak bol­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Ujy hal­ka­ly çöp­ja­ga­z sa­byn­ly su­wa ba­ty­ry­lyp çy­ka­ry­lan­dan soň­ra, onuň hal­ka­sy­nyň için­de tö­we­rek gör­nüş­li ýu­ka­jyk gat­lak eme­le gel­ýär. Bu gat­lak üf­lä­ni­ňiz­de, üst­ki dart­gyn­lyk se­bäp­li gi­ňe­ýär we içi­ne gi­ren ho­wa se­bäp­li ýa­py­lyp, te­ge­lek şe­ki­le öw­rül­ýär. Eme­le ge­len ýe­ňil şar­ja­gaz ho­wa­da eý­läk-beý­läk uça­nyn­dan soň­ra bir za­da de­ge­nin­de ýa-da öz-özün­den ýa­ryl­ýar. Bu şar­ja­ga­zyň için­de ba­syşl­y ho­wa bol­ýar. Şar­ja­ga­zyň daş­ky gat­la­gy nä­çe berk bol­sa, ol şon­ça-da ki­çi bol­ýar.
Suw dam­ja­la­ry bol­sa, şa­ra meň­ze­ýär. Bir şa­ra suw gu­ýul­dy­gy­ça, çi­şip ulal­ýar. Ol ýa­ryl­ýan­ça gi­ňe­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Dam­ja hem bel­li bir ulu­ly­ga ýe­ten­den soň­ra ýa­ry­lyp, ýe­re gaç­ýar. El­bet­de, suw dam­ja­la­ry­nyň da­şyn­da şar ýok hem bol­sa, ha­ma­na bi­ze gö­rün­me­ýän tor­ba bar ýa­ly­dyr. Mu­ňa üst dart­gyn­ly­gy di­ýil­ýär. Su­wuň dam­ja­sy­nyň için­dä­ki mo­le­ku­la­lar bir-bir­le­ri­ni güýç bi­len çek­ýär­ler. Em­ma su­wuň ýü­zün­dä­ki mo­le­ku­la­la­r ho­wa mo­le­ku­la­la­ry­ny çek­me­ýär. Di­ňe su­wuň için­de dar­tyş bol­ýar. Bu bol­sa, suw dam­ja­sy­nyň tö­we­re­gin­de ha­ma­na bir gat­lak bar ýa­ly tä­si­ri eme­le ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li dam­ja­lar bel­li bir agyr­ly­ga ýet­ýän­çä sal­la­nyp dur­ýar. Di­ňe suw­da däl, beý­le­ki su­wuk­lyk­lar­da hem şeý­le ha­dy­sa bo­lup geç­ýär. Üst­ki dart­gyn­lyk ola­ryň dy­kyz­ly­gy­na we ag­ra­my­na gö­rä dür­li-dür­li bol­ýar.