Ynsanlaryň daşky görnüşini bezeýän, ilki bilen, onuň lybasy bolup durýar. Her möwsümde özüňe gelişýän, göze gelüwli egin-eşikleri saýlap bilmek hem ünslüligi talap edýär. Egin-eşigiň möwsümiň howa aýratynlygy göz öňünde tutulyp saýlanmagy saglygymyz üçin hem zerurdyr.
Aşa yssy howada daşarda gezmek zyýanly bolup biler. Sebäbi Gün şöhlesiniň göni düşmegi adam tenine zeper ýetirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin ýuka, emma bedeni ýapýan giň lybas geýmeli. Bu babatda eşigiň reňki hem ähmiýetlidir. Käbir adam islendik pasylda hem şol bir reňkli egin-eşik geýmegi halaýar. Eger goýy reňkleri halaýan bolsaňyz, tomusda bu endigiňizi üýtgetmek siziň üçin peýdaly bolar. Sebäbi ak, sary we çal reňkler şöhläni yzyna serpikdirýändigi üçin yssy howada geýmäge has ýaramlydyr. Goýy reňkli eşikleriň şöhläni özüne siňdirýändigi sebäpli, sowuk ýa-da salkyn howada geýmek maslahat berilýär. Elbetde, eşigiň görnüşini hem göz öňünde tutmaly. Yssy howa adamy derledýär. Şol sebäpli pagtadan edilen egin-eşikler saýlanmaly. Nah mata deri özüne siňdirip, ony gysga wagtda bugardýar. Sintetik egin-eşikler howa geçirmeýär we has köp derledýär. Gün şöhlesiniň täsirinden goranmak üçin ýuka we ýeňil başgap saýlansa, gowy bolar. Şeýe hem dar egin-eşikler gan aýlanyşyna täsir edýär. Netijede, rahatlygyňyz we saglygyňyz üçin yssy howada pagtadan edilen giň, açyk reňkli we bedeniňi mümkingadar örtýän lybaslary saýlamak maslahat berilýär.