Hä­zir­ki dö­wür­de teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­si ýo­ka­ry dep­gin­de ös­ýär. Bu ösüş­ler gün­de­lik dur­mu­şy­my­za ara­la­şyp, bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal ula­nyp ýö­ren teh­no­lo­gik en­jam­la­rymyzyň or­nu­ny baş­ga­la­ry eýe­läp ug­ra­dy. Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa dün­ýä­si­nde “akyl­ly” en­jam­lar uly meşhurlyga eýe bolýar. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan hä­zir­ki wagt­da ulan­ylýan kä­bir en­jam­lar ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ryn­da ga­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ka­bel bi­len zar­ýad ber­ýän en­jam­lar, te­le­wi­zor­la­ry uzak­dan do­lan­dyr­ýan en­jam­lar (pult), komp­ýu­te­riň syçanjygy we beý­le­ki­ler bar. Şol bir­ wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­da­ky yzy­gi­der­li öz­ge­riş­ler kä­bir hyz­mat­la­ryň hem öňü­ne ge­çer. Me­se­lem, ça­par­çy­lyk hyz­mat­la­ry ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan do­lu­ly­gy­na dron­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lyp baş­la­nar. Bu ugur­da eý­ýäm köp san­ly iri kom­pa­ni­ýa­lar sy­nag tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da ka­bel­li gu­lak­lyklar köp­räk ula­nyl­ýan bol­sa, soň­lu­gy bi­len olar hem ula­nyş­dan ga­lar.
Bir wagtlar öý­ler­de te­le­wi­zor­la­ry uzak­dan do­lan­dyr­mak köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar­dy. Hä­zir olar hem kem-kem­den ula­nyş­dan ga­lyp baş­la­dy. In­di te­le­wi­zor­lary ses bi­len ýa-da beý­le­ki en­jam­lar bi­len do­lan­dyr­mak müm­kin­çi­li­gi peý­da bo­lup baş­la­dy.
Teh­no­lo­gi­ýa­da­ky ýo­ka­ry dep­gin­dä­ki ösüşler sag­lyk ul­ga­my­na hem go­şan­dy­ny goş­ýar. Gel­jek­de dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin san­jym et­mek ze­rur­ly­gy aradan aýrylar, onuň ýe­ri­ne der­man bi­len be­jer­gi et­mek müm­kin­çi­li­gi peý­da bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak hem-de çalt sa­gal­mak üçin san­jym edil­ýär. Bu ugur­da hem tä­ze öz­ge­riş­lik­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar arkaly dur­mu­şa ge­çiriler.
Komp­ýu­te­ri do­lan­dyr­mak üçin ula­nyl­ýan sy­çan­jy­gyň hem ula­nyş­dan gal­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Onuň ýe­ri­ne dür­li üm he­re­ket­le­ri bi­len komp­ýu­te­ri do­lan­dyr­mak bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, aw­to­nom ul­gam­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, sü­rü­ji­siz ulag­lar kem-kem­den peý­da bo­lup baş­la­dy. Ol hem ulag­lar­da gap­dal aý­na­la­ra ze­rur­ly­gyň ýok­du­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. “Audi” kom­pa­ni­ýa­sy gap­dal aý­na­sy bol­ma­dyk ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne gi­riş­mek­çi bol­ýar. Gys­ga wagt­da şeý­le önüm­çi­lik bi­len meş­gul­lan­jak ulag kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­ny bar­ha ar­tar. Ýa­kyn gel­jek­de ulag­lar “akyl­ly” ul­gam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp, sü­rü­jä ýa-da ýo­lag­ça howp aba­nan ha­la­tyn­da, olar öňün­den şol en­jam­lar ar­ka­ly duý­du­ryş alar­lar.

Agamyrat ROZYÝEW,
TDY we DI-niň mu­gal­ly­my.