Paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda senagat nusgalaryny goramagyň meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Ol Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda intellektual eýeçiligiň netijeli ulgamy döredilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan strategiýa birnäçe milli kanunçylyk namalaryna hem-de Türkmenistanyň gol çeken halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýlup, senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goralmagyny üpjün edýär.
Foruma Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler çagyryldy.
Forumyň işine Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyndan halkara bilermen hökmünde maglumat meseleleri boýunça uly geňeşçi Mihail Faleýew gatnaşdy. Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň serişdesi hökmünde intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri (patentler, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşanlar, nusgalar we ş.m.) bilen meşgullanýar.
Türkmenistan Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy, Senagat nusgalaryny halkara hasaba almagyň Gaaga ulgamyna bolsa 2016-njy ýylda girdi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki zaman Türkmenistanda durmuş-ykdysady taýdan rowaçlygyň ýokary depginleri ýurduň ösüşi üçin intellektual eýeçiligiň eýeleýän ornunyň we ähmiýetiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara tejribesine hem-de abraýly halkara düzümler we guramalar, şol sanda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz iň oňat dünýä tejribesini öwrenmäge we ony milli iş tejribämize ornaşdyrmaga örän uly üns berýär. Şu babatda okuw maslahatynda intellektual eýeçiligi hukugyna degişli kadalaşdyryjy-hukuk meselelerini çözmekde häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribeleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Senagat nusgalaryny (önümiň çeperçilik ýa-da estetiki taýdan çözgüdi) hukuk taýdan hasaba almak aýratyn üns berlen mesele boldy. Munuň özi önümiň ýüzüni görkezýän nyşany milli we dünýä bazarlarynda goramagyň hem-de öňe ilerletmegiň mümkinçiligini açýar. Senagat nusgalary kiçi we orta kärhanalar üçin bolşy ýaly, haýsy ulgamda iş alyp barýandygyna garamazdan, işjeň ösüş türkmen işewürliginiň iri kompaniýalary üçin hem örän möhüm bolup biler, çünki olar sarp edijileriň ünsüni çekmäge we lomaý alyjylaryň gyzyklanmasyny gazanmaga gönükdirilendir.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar, bu meselede Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen netijeli tejribe alşylmagyny ösdürmäge ymtylmalaryny beýan etdiler.