Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi san­laş­dyr­mak ba­bat­da alyp bar­ýan yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Bu gün ýur­du­myz­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek, önüm­çi­li­ge yl­my iş­le­ri or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şol san­da ýur­du­my­zyň bank ul­ga­myn­da hem döw­re­bap hyz­mat­lar ýo­la go­ýul­ýar. Bu ugur­da tö­leg ul­ga­my­ny kä­mil de­re­jä çy­kar­mak ba­bat­da giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy al­nyp ba­ryl­ýar.
Go­laý­da, “Rys­gal” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky tö­leg teh­no­lo­gi­ýa­ly plas­tik bank kar­ty­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ta­nyş­dyr­dy. Şeý­le kart­lar “Rys­gal” PTB-niň “Mas­terCard” trans­mil­li ma­li­ýe kor­po­ra­si­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de dö­re­dil­di. Tä­ze kart­la­ryň goý­be­ril­me­gi we olar bi­len müş­de­ri­le­riň üp­jün edil­me­gi tap­gyr­la­ýyn esas­da ama­la aşy­ry­lar. Bi­rin­ji tap­gyr­da, eý­ýäm hä­zir­ki gün­de “Rys­gal” PTB müş­de­ri­le­ri­ne “Mas­terCardMaest­ro” mil­li kar­ty­ny hö­dür­le­ýär. Bu plas­tik kar­ty­na onuň eýe­le­ri­niň mil­li pul­da­ky zäh­met hak­la­ry ge­çi­ril­ýär. Şeý­le­lik bi­len, Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek tö­le­giň hä­zir­ki­ za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­ny­lar, bu PIN ko­dy gi­riz­mez­den kar­ty bir ge­zek de­gir­mek ar­ka­ly çalt tö­leg­le­ri ama­la aşyr­ma­ga mümkinçilik be­rip, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň oňaý­ly­ly­gy­ny we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Gel­jek­de bu kar­tyň eýe­le­ri üçin bank ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny hö­dür­le­me­gi me­ýil­leş­di­rip, ol ha­ryt­la­ryň sa­tyn al­nan­dy­gy üçin bo­nus­la­ryň top­lan­ma­sy­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­dä­ki söw­da mer­kez­le­ri­niň, dü­kan­la­ryň we dynç alyş mer­kez­le­ri­niň to­run­da hyz­mat­lar­dan peý­da­lan­ma­ga giň müm­kin­çi­lik be­rer.
Şeý­le hem ma­li­ýe eda­ra­sy ýa­kyn gel­jek­de “Mas­terCard Stan­dart”, “Mas­terCard Gold” we “Mas­terCard Pla­ti­num” kart­la­ry­nyň top­lu­my­ny goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu hal­ka­ra bank kart­la­ry bo­lup, eýe­le­ri­ne dün­ýä bo­ýun­ça amat­ly hyz­mat­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açar. Olar ar­ka­ly in­ter­net to­run­da hyz­mat­la­ry we ha­ryt­la­ry sar­gyt et­mek we tö­le­mek, myh­man­ha­na otag­la­ry­ny bel­le­mek we sa­par­la­ry gur­na­mak, ho­wa men­zil­le­ri­niň işe­wür­lik zal­la­ry­na bo­lan el­ýe­ter­li­lik, ka­bel­siz in­ter­ne­te bo­lan çäk­siz el­ýe­ter­li­lik, dün­ýä bo­ýun­ça ha­ryt­lar we hyz­mat­lar ba­bat­da­ky ar­zan­lat­ma prog­ram­ma­la­ry, da­şa­ry ýurt­da­ky müş­de­rä gys­sag­ly gol­da­wy ber­mek ýa­ly bir­nä­çe aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry we baş­ga-da köp san­ly hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­mak bo­lar.
Hal­ka­ra tej­ri­be­de “Mas­tercard” kom­pa­ni­ýa­sy gal­ta­şyk­syz tö­leg teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de giň ge­rim­de ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Bahar Bugraýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň ekologiýa we geografiýa mugallymy.