XVII asyrda Beýik Britaniýada çaý içip başlapdyrlar. Soňlugy bilen ol uly meşhurlyk gazanyp, häzirki wagtda hem öz meşhurlygyny saklap gelýär. Şu ýerde dünýäde çaý öndürmek boýunça öňdebaryjy ýurtlar barada käbir gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Bu sanaw Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy edarasy (FAO) tarapyndan 1993-2013-nji ýyllardaky çaý önümçiligi görkezijileri nazarda tutulyp taýýarlandy.
Başlangyjy 1-nji sahypada.
Bangladeş (81850 tonna): Yssy hem-de çygly howasy bu ýurtda çaý öndürmek üçin örän uly mümkinçilik döredýär. Ýurtda 150-den gowrak çaý meýdanlary bolup, olar ýurduň demirgazyk hem-de gündogar etraplarynda ýerleşýär. Bu meýdanlarda 300 müňden gowrak adam işleýär. Soňky ýyllarda ýurtda çaý önümçiligi yzygiderli ýokarlanýar.
Eýran (100580 tonna): XV asyryň ahyryna çenli Eýranda kofe içilýärdi. Ýöne kofe dänejikleri beýleki ýurtlardan gymmat bahadan satyn alynýardy. Ýüpek ýoly arkaly Hytaýdan çaý getirmek has arzan hem-de ýeňildi. Şondan soňra çaý has meşhurlyk gazanyp başlady. Hindistandan çaý tohumlary getirilip, Eýranyň özünde önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurtda 32 müň gektar çaý meýdanlary bolup, ol baýyrlyklaryň eteklerinde ýerleşýär.
Mýanma (104743 tonna): Ilkibaşda bu ýurduň öndürýän çaýy düzüminde zyýanly reňklendirijiler bolandygy üçin onçakly meşhurlyk gazanyp bilmedi. Ýöne häzirki zaman tehnologiýasynyň kömegi bilen çaý önümçiligi hil taýdan täze derejelere çykdy we ýyl-ýyldan uly meşhurlyga eýe bolýar.
Indoneziýa (139362 tonna): Bu ýurtda çaý öndürmek işi 1700-nji ýylda başlandy. Gollandlar tarapyndan çaý tohumlary getirildi. 2017-nji ýylda ýurtda 139 müň tonna çaý öndürilip, onuň uly bölegi daşary ýurt bazaryna satyldy. Indoneziýaly öndürijiler gara çaý öndürmäge has köp üns berýärler. Ýöne ýurtda belli bir derejede gök çaý hem öndürilýär.
Türkiýe (234 000 tonna): Ýurtda öndürilýän çaýyň agramly bölegi uly bolmadyk sebitde öndürilýär. Çygly howasy, aýratyn hem tebigy aýratynlyklary Gara deňziň kenaryndaky sebitleri çaý öndürmek üçin iň amatly ýer bolmagyna getirýär. Türkiýe diňe bir çaý öndürmek bilen däl, eýsem, has köp çaý içmek bilen hem meşhurdyr. Däp bolan türk çaýy dünýäniň köp ýurdunda uly meşhurlyga eýedir. Olar ýörite semawarlarda taýýarlanýar.
Wýetnam (260 000 tonna): Bu ýurtda çaý öndürmek işi 1880-nji ýylda ýola goýuldy. Fransiýalylar ilkinji çaý meýdanlaryny döretdiler. Önümçilik çalt depginde ösüp, 50 ýylyň dowamynda wýetnamlylar Ýewropa we Afrika ýurtlaryna çaý satyp ugrady. Soňky ýyllarda ýurtda her ýyl 260 müň tonnadan gowrak çaý öndürilýär.
Şri-Lanka (349699 tonna): 1867-nji ýylda britan Jeýms Teýlor Şri-Lankada çaý meýdançasyny döretdi. Ol ilkibaşda uly bolmadyk meýdany eýeleýän bolsa, soňlugy bilen sebitde çaý önümçiligi has uly derejelere ýetdi. Häzirki wagtda çaý meýdanlarynyň eýeleýän ýeri 188 müň gektardan gowrakdyr. Bu ada döwletinde çaý önümçiligi esasy pudaklaryň birine öwrüldi. Bu pudakda 1 milliona golaý adam zähmet çekýär.
Keniýa (439857 tonna): Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda Keniýada çaýyň 90 göterimi uly bolmadyk meýdanlarda öndürilýär. Meýdanlardan has köp öndürijilikli hasyl ýygnalýar. Sebäbi her ýyl ýurtda 439 müň tonnadan gowrak çaý hasyly öndürilýär. Ýurduň hökümeti çaý bazarynda bäsdeşlik mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin innowasiýa, ylmy barlaglar hem-de senagat önümçiligine has köp üns berip başlady. Keniýa täze çaý görnüşlerini öndürmekde öňdebaryjy bolup, şol bir wagtda kyn howa şertlerinde hem ýeňil saklamak mümkinçiligi bolan çaý görnüşlerini öndürýär.
Hindistan (1325050 tonna): Bu ýurt dünýäde ikinji uly çaý öndürýän döwletdir. Bir ýyldaky önümçiligi 1 million tonnadan gowrakdyr. Söwda maksatly çaý önümçiligi Beýik Britaniýa tarapyndan Hytaýdan çaý getirmek bilen başlandy. Häzirki wagtda Hindistanda ummasyz köp mukdarda çaý öndürilýär. Şol bir wagtda bu ýurt has köp çaý içilýän döwletleriň hem biridir. 1 milliarddan gowrak adam çaý içýändigi üçin öndürilýän çaýyň 70 göterimden gowragy içerki bazarda, galan bölegi bolsa daşary ýurt bazaryna ýerlenýär.
Hytaý (2473443 tonna): Hytaý dünýäniň iň uly çaý öndüriji ýurdy bolup, 2 million tonnadan gowrak çaý öndürilýär. Bu bolsa, tutuş dünýäde öndürilýän çaýyň 30-35 göterimini düzýär. Käbir rowaýatlara görä, Hytaýda biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerde hem çaý içilipdir. Ol dermanlyk içgi hökmünde köp sanly dabaralarda hem ulanylypdyr.
Mähriban JUMAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.