Hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny yzygiderli nygtaýar. Türkmenistan Hazar deňzini parahatçylygyň, dostlugyň we ynanyşmagyň deňzine öwrülmegi babatynda netijeli işleri durmuşa geçirmekde wajyp ädimleri ädýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriniň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitinde sözlän sözünde: “Hazar sebiti, ozaly bilen, täsin, asyrlaryň dowamynda bu ýerde ýaşap gelýän halklaryň özara gatnaşyklarynyň, däp-dessurlarynyň, medeniýetleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelen künjegidir. Ýöne, häzirki wagtda Hazar deňziniň ähmiýeti onuň geografiki çäklerinden has giň gerime eýedir. Ol geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär, bu ýerde deňiz, gury ýer we howa ýollaryny, geljegi uly energetika ugurlaryny öz içine alýan ählumumy derejeli kuwwatly ulag-üstaşyr halkasy kemala gelýär” diýip bellemek bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň artdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekýär.
Häzirki döwürde Hazar deňzi ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategik sebit hasaplanýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleri bilen takyk hukuk kadalaryna, özara hormat goýmaga hem-de bu ýurtlaryň bähbitlerini nazara almaga esaslanan halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan bu ulgamda iri halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň birnäçesini öňe sürýär. Ol taslamalaryň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Halkara derejede geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde, ilki bilen, ýangyç-energetika ugurly düýpli taslamalara garalmagyna, bu ugurda oňyn ylalaşyklaryň gazanylmagyna bil baglanylýar. Hormatly Prezidentimiz: “Adaty syýasy diplomatiýada bolşy ýaly, energetika diplomatiýasynyň hem özboluşlylygyny göz öňünde tutanyňda, oňa sözleriň we işleriň oýlanyşykly bolmagy, hyzmatdaşa hormat bilen garamak, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga çalyşmak, konstruktiw gepleşige ygrarly bolmak ýaly ýagdaýlar mahsus bolmalydyr” diýip nygtaýar. Şoňa görä-de, forumyň çäklerinde türkmen tarapy şeýle netijeli gepleşiklere taýýardygyny ýene bir ýola subut eder hem-de hyzmatdaşlyga hormat goýmaga ygrarlydygyny görkezer. Sebit we dünýä ösüşine itergi berýän şeýle forumlaryň yzygiderli geçirilmegi, guralýan duşuşyklaryň çäklerinde möhüm meseleleriň aç-açanlyk, özara düşünişmek ýagdaýynda ara alnyp maslahatlaşylmagy, oňa gatnaşýan döwletleriň maliýe-ykdysady taýdan ýokary göterilmegine, olaryň halkara bazarynda oňyn artykmaçlyklara eýe bolmagyna ýardam berýär.
Häzirki wagtda dünýäniň iri ulag-logistiki halkasy hökmünde Hazar deňziniň orny has-da ýokarlanýar. Bu ugur öz gezeginde Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň artmagyna ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň döwletleriniň halkara bazarlaryna çykmaklaryna hem ýakyndan ýardam edýär. Bu işleriň amal edilmeginde bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän wajyp başlangyçlarynyň ähmiýeti has-da artýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň IV sammitinde Hazarda ulag we söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem Hazar ykdysady forumyny döretmek baradaky iki sany täze ylalaşyklary taýýarlamak baradaky teklipleri öňe sürmegi bilen, bu ugurda anyk işlere başlanmagynda möhüm orun eýeledi. 2015-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Eýrana saparynyň barşynda geçiren duşuşyklarynda Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça birinji halkara duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek teklibini öňe sürdi. Hazar deňzinde söwda gämi gatnawy hakynda gol çekilen hökümetara Ähtnamasy bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hukuk binýadyny giňeltdi.
2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi taryhy ähmiýetli waka bolmak bilen, Hazaryň mümkinçiliklerini syýasy, söwda-ykdysady we ylmy-barlag maksatlary üçin hyzmatdaşlygyň möhüm guralyna öwürmekde uly orun eýeledi.
Aktau sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlarynyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasy strategiýasynyň esasynda durýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Köptaraplaýyn ykdysady gepleşikleri geçirmek üçin hemişe hereket edýän çärä öwrüljek Hazar ykdysady forumynyň kenarýaka döwletleriniň her birinde gezekleýin, yzygiderli geçirilmelidigi, onuň ilkinjisiniň Türkmenistanda geçirilip bilinjekdigi barada bellenildi. Hazar ykdysady forumynyň ilkinji gezek ýurdumyzda geçirilmegi, Hazarýaka ýurtlaryň bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygynyň hem-de birek-birege düşünişmegiň, ynanyşmagyň tassyklanmasydyr.
Şu ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum bäş ýurduň işewür toparlarynyň we düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine täsirini ýetirer. Şeýle-de, forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny we Hazarýaka döwletleriň dürli ykdysady pudaklaryna bolan iri maýa goýum taýdan özüne çekijilik hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ilerlemegine giň şertleri döreder.
Şu günki gün, ýurdumyzda bu wajyp ähmiýetli çäräni geçirmek bilen baglanyşykly anyk işler amal edilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmegiň konsepsiýasynyň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Konsepsiýada forumyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň global gatnaşyklardaky orny hakynda gepleşikler, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, agrosenagat, syýahatçylyk we Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň özara gyzyklanma döredýän beýleki pudaklarynda maýa goýumlaryň goýulmagy, Hazar innowasion tehnologiýalaryň sergisiniň geçirilmegi, bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, aýratyn, ýörite, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň meseleleri boýunça tejribe alyşmagy ýaly möhüm meseleler öz beýanyny tapdy. Şulardan görnüşi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumy döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm gurala öwrüler. Bu ugurda Merkezi Aziýa we Hazar basseýniniň sebitlerini Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasy hökmünde görmek biziň döwletimiziň ileri tutýan ugurlaryny hem şertlendirýär. Çünki, ol Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň, yklymara ähmiýetli iri energetika we ulag gatnaşyklarynyň halkasydyr. Bu bolsa, öz nobatynda, Merkezi Aziýa we goňşy sebitlerdäki ýurtlaryň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejelere çykarmaga, sebitara gatnaşyklara uzakmöhletleýin esasda kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döretjek häzirki zaman, utgaşdyrylan ulag-üstaşyr geçiriş infrastrukturasyny döretmegi talap edýär.
Şeýlelik bilen, gürrüň Merkezi Aziýany we Hazar sebitini Ýewropa, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlary, olara Hytaý, Hindistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezleriň geljekde goşulmagy bilen, täze geoykdysady giňişligiň binagärliginiň binýadyny goýmak barada barýar. Şu babatda daşary syýasat Konsepsiýasynda Türkmenistanyň daşary syýasat gurallarynyň ulgamynda täze ugry – ulag diplomatiýasy ugruny döretmegiň zerurdygy anyk bellenilýär.
Ýurdumyzda Merkezi Aziýa we Hazar basseýni ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň, bu ugurda halkara işjeňligini birleşdirmegiň ähmiýeti uludyr. Şol nukdaýnazardan, “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň taslamalary Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirmeklige giň mümkinçilik döredýär.
2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýol geçelgesiniň ulanylmaga berilmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy we Hazar sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryň geriminiň artmagyna täsirini ýetirdi. Bu demir ýol şahasy Russiýanyň we Gazagystanyň üstünden Pars aýlagyna ýükleri daşamagyň ýoluny ep-esli gysgaltdy. Şoňa görä-de, bu taslama diňe bir oňa gatnaşýan döwletler üçin däl-de, eýsem, transaziýa demir ýol ulgamynyň üstünden ýükleri daşalýan ähli döwletler üçin hem bähbitli bolup durýar.
Häzirki wagtda örän möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty multimodal ulag logistikasyny iş ýüzünde amala aşyrmaga giň şertleri döredýär. Çünki, Aziýany we Ýewropany birikdiriji köpri bolup hyzmat edýän bu wajyp ulag halkasy döwletimiziň ulag ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Täze Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümi ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmaga ukyplydyr. Toplum yklymlaryň ýük gatnawlarynyň logistik ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup, gysga we amatly ugurlary üpjün etmekde üstaşyr geçelge bolup hyzmat eder. Şunuň bilen bir hatarda, dünýäniň iri ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän, halkara ulag gatnawlaryny ösdürmegi maksat edinýän Ýewropa – Kawkaz – Aziýa geçelgesi (TRACECA) ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin milli ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga itergi berer.
Türkmenistan häzirki wagtda TRACECA-nyň çäklerinde durmuşa geçirilen düzümleýin taslamalaryň we tehniki taýdan ýardam bermek baradaky taslamalaryň ençemesine gatnaşyjy ýurt bolup durýar. Türkmenistan öz ulag-kommunikasiýalaryny ösdürmek we TRACECA geçelgesi boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Türkmenistanyň TRACECA-nyň taslamalaryna gatnaşmagy sebitde özüniň möhüm üstaşyr-ulag geçiriji hökmünde derejesini berkitmäge, şeýle hem iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatda yzygiderli we işjeň çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, birinji Hazar ykdysady forumynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Hazar sebiti we oňa ýanaşyk döwletleriň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň ösmegine hem-de Ýewraziýada täze geoykdysady giňişliginiň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän iri ulag-aragatnaşyk ulgamy hökmünde halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam etjek möhüm çäre hökmünde baha bermek bolar.
Akmuhammet Jumagulyýew,
Begmyrat Ataýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary.