Dünýäniň iň uly adasy hasaplanýan Grenlandiýada galyň buz gatlagynyň aşagynda 56 sany täze köl tapyldy. Şeýlelikde, buzasty kölleriň sany 60-a ýetdi. Buzuň aşagynda dürli ululykdaky köller bolup, olaryň döremeginiň birnäçe sebäbi bar. Buzuň agyrlygy sebäpli döreýän basyş, buzlaryň sürtülme netijesinde gyzmagy we şeýlelikde eremegi, ýeriň aşagyndaky termal hereketler kölüň döremegine getirip bilýär. Buzasty köller Antarktikada hem az däl. “Nature Communications” žurnalynda çap edilen makalada Grenlandiýada bu ugurda geçirilen ilkinji barlag barada maglumat berilýär. Grenlandiýanyň 80 göterimini buz gatlagy gaplap, onuň meýdany 1,710,000 inedördül kilometre ýetýär. Buzuň galyň ýeri 3 kilometre ýetýär. Bu ýerde Lankaster, Şeffild we Stenford uniwersitetleriniň hünärmenleri radiotolkunlaryny ulanmak arkaly giňişleýin barlaglary geçirdiler.
Ylmy işiň awtory Jeýd Bowling mundan ozal Antarktikadaky buzasty kölleriň öwrenilendigini, emma bu ýerde ilkinji gezek barlag geçirilendigini aýdýar. Täze tapylan kölleriň ululygy 200-5900 metr aralygynda. Global maýylganlyk artdygyça ýeriň ýokarky gatlagyndaky suwuň köpelip-azalýandygy aýdylýar. Geçirilen barlaglarda suwy çekilip, gaýtadan dolan kölleriň bardygy anyklandy.
Şeffild uniwersitetiniň ylmy işgäri, doktor Stefen J. Liwingston kölleriň geljekde ýaşaýşy gözlemek üçin geçirilýän barlaglarda we ekologiýa babatdaky üýtgeşmeleri öwrenmekdäki barlaglar üçin başlangyç boljakdygyny belleýär.