Ge­çen hep­dä­niň ahy­ryn­da Awst­ra­li­ýa­da par­la­ment saý­lawy ge­çi­ril­di. Onuň ne­ti­je­le­ri ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Mal­kolm Tern­bul­luň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Li­be­ral-mil­li koa­li­si­ýa par­ti­ýa­sy­nyň la­py­ny keç et­di. Soň­ky 3 ýyl­dan bä­ri ýur­dy do­lan­dyr­ýan Li­be­ral-mil­li koa­li­si­ýa bu ge­zek­ki saý­law­­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. Şeý­le hem 2013-nji ýyl­dan bä­ri ýur­duň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da iş­jeň ro­ly bo­lan Leý­bo­rist par­ti­ýa­sy üçin hem bu saý­law oňat ne­ti­je ber­di.
Ýur­duň esa­sy 2 par­ti­ýa­sy­nyň bi­riniň saý­law­­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy üçin mil­li par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­syn­da­ky 150 or­nuň 76-sy­ny eýe­le­me­gi ge­rek­di. Awst­ra­li­ýa­nyň Saý­law ko­mi­te­ti­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Li­be­ral-mil­li koa­li­si­ýa par­ti­ýa­sy 71 or­na, Leý­bo­rist par­ti­ýa­sy 68 or­na my­na­syp bol­dy. Ga­lan 5 or­ny ga­raş­syz sy­ýa­sat­çy­lar eýe­le­di.
Bu ge­zek­ki saý­law­da Leý­bo­rist par­ti­ýa­sy oňat ne­ti­je ga­zan­dy. Mun­dan ozal­ky saý­law­da ola­ryň mil­li par­la­ment­dä­ki orun­la­ry­nyň sa­ny 55-e deň­di. Hä­zir bu gör­ke­zi­ji 68-e çen­li ýo­kar­lan­dy.
Saý­law­a 57 par­ti­ýa gat­naş­dy. Ol ýur­duň ta­ry­hyn­da öz­bo­luş­ly re­kor­da öw­rül­di. Par­la­men­tiň her iki pa­la­ta­sy üçin 1625 sy­ýa­sat­çy bäs­leş­di. Ola­ryň 994-si we­kil­ler pa­la­ta­sy üçin, 631-si bol­sa se­na­tor­ly­ga da­laş et­di.
Awst­ra­li­ýa­nyň Fe­de­ral par­la­men­ti we­kil­ler pa­la­ta­syn­dan we se­nat­dan dur­ýar. We­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň dü­zü­min­de 150 de­pu­tat bar. Olar äh­li­halk saý­lawy esa­syn­da 3 ýyl möh­le­te saý­lan­ýar. Se­nat mil­li par­la­men­tiň ýo­ka­ry pa­la­ta­sy ha­sap­lan­ýar. Onuň dü­zü­min­de 76 se­na­tor bo­lup, 6 şta­tyň her bi­rin­den 12 se­na­tor we 2 sa­ny ok­ru­gyň hem her bi­rin­den 2 se­na­tor saý­lan­ýar.