Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň dö­re­di­le­ni­niň 95 ýyl­ly­gy uly joş­gun bi­len bel­len­di. Ýur­duň paý­tag­ty Pe­kin­dä­ki Mil­li ýyg­nak­lar bi­na­sy­nyň uly za­lyn­da baý­ram­çy­lyk çä­re­si ge­çi­ril­di. Hy­ta­ýyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ag­la­ba­syn­da gö­ni ýaý­lym­da görkezilen da­ba­ra Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­nyň äh­li ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýol­baş­çy dü­zü­mi gat­naş­dy. Da­ba­ra­ny Hy­ta­ýyň Prem­ýer-mi­nist­ri Li Kes­ýan aç­dy.
Hy­ta­ýyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy 1921-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­da dö­re­dil­di. Ol Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­dy ýe­ke-täk do­lan­dyr­ýan sy­ýa­sy par­ti­ýa­sy­dyr. Şeý­le hem ol ag­za­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň köp ag­za­sy bo­lan gu­ra­ma­sy­dyr. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, onuň 88,8 mil­li­on ag­za­sy bar.
2015-nji ýyl­da par­ti­ýa ag­za bol­mak üçin is­leg bil­di­rýän­le­riň 45 gö­te­ri­mi­niň ar­za­sy ka­bul edil­di. Sta­tis­tik mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ag­za bol­mak is­le­ýän tä­ze da­laş­gär­le­riň ag­ram­ly bö­le­gi ta­lyp­lar­dan yba­rat­dyr. Hy­ta­ýyň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy dö­re­di­len gü­nü­niň 100-nji ýy­ly­na çen­li ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­ni, şä­her­dä­ki we oba­lar­da­ky ra­ýat­la­ryň gir­de­ji­si­ni 2 es­sä çen­li art­dyr­ma­gy mak­sat edinýär.
Par­ti­ýa­nyň dö­re­di­len gü­nü­niň 95 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­da çy­kyş eden Hy­taý Kom­mu­nis­tik Par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi Ko­mi­te­ti­niň Baş sek­re­ta­ry, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin 30 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­duň ga­ryp­lyk­dan çy­kyp, dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösüş bo­ýun­ça 2-nji ýur­du­na öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di.
– Hy­taý ga­raş­syz, öz­baş­dak we pa­ra­hat­çy­lyk­ly da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na yg­rar­ly bo­lup, äh­li döw­let­ler bi­len dost­luk­ly hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýär. Biz äh­li döw­let­le­riň öz­baş­dak saý­lap alan ýo­lu­na hor­mat goý­ýa­rys. Şo­nuň üçin köp ýurt­lar bi­len iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris – di­ýip, Si Szin­pin aýt­dy. Ol sö­zü­niň ahy­ryn­da hy­taý­ly ýaş­la­ra ýüz­le­nip, Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­nyň saý­lap alan ýo­lun­dan gi­dip, hy­taý hal­ky­nyň we öz ýur­du­nyň bäh­bi­di üçin zäh­met çek­mä­ge ça­gyr­dy.