Şu ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan Slo­wa­ki­ýa res­mi taý­dan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­dy. Slo­wa­ki­ýa 6 aý­lyk dö­wür­de gu­ra­ma ag­za bo­lan beý­le­ki döw­let­ler bi­len bi­le­lik­de, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­dä­ki ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we beý­le­ki ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak üçin ta­gal­la eder.
Slo­wa­ki­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ro­bert Fi­so we Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­ker bi­le­lik­de met­bu­gat ýyg­na­gy­ny ge­çir­di. Olar köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň öňü­nde çy­kyş edip, Slo­wa­ki­ýa­nyň baş­lyk­ly­gy döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek iş­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler. Prem­ýer-mi­nistr Ro­bert Fi­so şu ýy­lyň 16-njy sent­ýab­ryn­da Slo­wa­ki­ýa­nyň paý­tag­ty Bra­tis­la­wa­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň sam­mi­ti­niň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni we şol ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýyg­nak­da gu­ra­ma­nyň gel­je­gi­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Žan-Klod Ýun­ker öz ge­ze­gin­de, Slo­wa­ki­ýa­nyň de­giş­li dö­wür­de Ýew­ro­pa­nyň ener­gi­ýa we bank ul­ga­my­nyň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi üçin uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.