10-njy iýulda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri öz işine başlady. Şäheriň Şems-i Siwasi welaýat kitaphanasynyň sergi jaýynda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň fotosergisi ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, Siwas şäheriniň Atatürk adyndaky Medeniýet merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Şol gün Siwasyň kongres binasynda “At-myrat” atly kinofilm görkezildi.
Türkmenistanyň medeniýet wekiliýetiniň agzalary Ankara şäherinden Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherine geldi. Bu gadymy şäher türkmen wekiliýetini Türkiýäniň özboluşly dag howasy bilen garşylady. Şäheriň Şems-i Siwasy welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet, bilim, ylym, medeni mirasy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtadylar.
Medeni hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegi bilen bu babatda has möhüm taslamalary hem-de çäreleri, halkara we milli çäreleri: aýdym-saz, teatr kinofestiwallary, bilelikdäki sergileri, bäsleşikleri, fotosurat we kitap sergilerini, maslahatlary geçirmäge giň ýol açyldy. Şeýlelikde, medeni hyzmatdaşlyklar döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilýär. Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň we fotosuratlaryň sergisiniň açylyş dabarasyna köp sanly adamlaryň gatnaşmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär etdi.
Bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň hem-de halkymyzyň amaly-haşam döredijiliginiň, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy. Medeni mirasymyzyň hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman çeperçilik durmuşynyň şunuň ýaly özboluşly keşbi Medeniýet günleriniň işiniň özboluşly başlanygyjyna öwrüldi. Oňa Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ulgamyna degişli köp sanly wekiller, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Myhmansöýer türk topragynda geçirilýän medeni duşuşyklaryň çäklerinde milli atçylyk, hususan-da, seýisçilik sungaty barada gürrüň berýän “At-myrat” atly çeper film görkezildi. Bu eser türk tomaşaçylarynda ýakymly täsirler galdyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda geçirilýän Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň baý many-mazmuna eýediginiň we onuň köp ugurly taraplary öz içine alýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem bu çäre medeni, döredijilik, ylym we bilim gatnaşyklarynyň halklary ýakynlaşdyrmaga ýene-de bir goşandy bolup durýar.
Siwas şäheriniň Atatürk adyndaky medeniýet merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti örän täsirli we joşgunly boldy. Türkmenistandan gelen meşhur estrada ýyldyzlary, folklor we tans toparlary, bagşylary özleriniň belent ruha beslenen owazlary bilen iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde milli sungatymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesini we gönüden-göni Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan medeniýet diplomatiýasyny giňden wasp etdiler. Türkiýeli tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýän iki ýurduň milli Liderleriniň tagallasyna aýdylýan hoşallyk bolup eşidildi.
Türkmen we türk halklaryny umumy kökleriň birleşdirýändigini alamatlandyran bu günki çäre beýik işleriň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, amal bolýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, ylmyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygyny aňladýan bu çäre dost-doganlygyň yzygiderli ösdürilýändginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri 11-nji iýulda Siwas şäheriniň Şems-i Siwasi welaýat halk kitaphanasynda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň we fotosuratlaryň sergisi arkaly öz işini dowam etdi. Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklar türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlaryny, suratkeşleriň we nakgaşlaryň özboluşly eserlerini we fotosuratçylaryň gözellige, ýetilýän belent sepgitlere bolan garaýşyny beýan etdi.
Sergä gatnaşýan adamlar bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň üsti bilen türkmen halkynyň baý taryhyna, medeni mirasyna göz ýetirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň açylandygyny nygtadylar. Şeýle hem bu gymmatlyklar türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalyk derejä göterilendigini äşgär edýär. Muzeý gymmatlyklary bolsa, türkmen halkynyň taryhy geçmişini, onuň däp-dessuryny we senetkärçilik ugurlaryny görkezýär.
Fotosuratçylaryň sergisinde Türkmenistanyň özboluşly tebigaty, dag-düzleriniň aýratynlygy, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň ýeten derejesi aýdyň görünýär. Munuň özi medeni hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup, iki ýurduň fotosurat bilen meşgullanýan işgärleriniň, žurnalistleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary, bu ugurda yzygiderli tejribe alşylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
Bu ýerde guralan sergide Türkiýe Respublikasynyň belli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, alymlar, ýazyjylar, suratçylar we beýlekiler bar. Munuň özi Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň iki ýurduň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň çäklerinde köp taraply ynsanperwer ugruna uly ähmiýet berýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem şol gün bu ýerde hormatly Prezidentimiziň döreden kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaranyň kitap sergisi bilen utgaşdyrylmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Arkadag Prezidentimiziň zehininden çykan düýpli ylmy we çeper eserler özüniň many-mazmuny, baý maglumaty we çeperçilik bezegi bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Bu kitaplaryň çeperçilik bezegleriniň birnäçe halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeländiklerini aýratyn bellemeli. Şeýle hem milli Liderimiziň eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edilip, olar halkara ähmiýetli kitaplara öwrüldiler. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň çuň mazmuna eýlenen kitaplary dünýä okyjylary üçin elýeterli boldy. Bu ýerde guralan sergä köp sanly adamlaryň gatnaşmagy, olaryň hatarynda alymlar, ýazyjylar, şahyrlar, taryhçylar bilen bir hatarda, çeper kitabyň muşdaklarynyň bolmagy milli Liderimiziň kitaplaryna bolan beýik söýginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň döreden kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu çäreleriň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, hususan-da, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigini nygtap, şunuň ýaly forumlaryň yzygiderli guralýandygy üçin iki ýurduň Liderlerine alkyş sözlerini aýtdylar.
Şeýle hem Siwas şäheriniň Şems-i Siwasi welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň, taryhçylarynyň türk kärdeşleri bilen ylmy maslahaty geçirildi. “Seljuklar döwründe medeni galkynyş” ady bilen geçirilen maslahatyň dowamynda seljuklar döwrüniň medeniýeti, onuň esasy ugurlary barada gürrüň edildi. Taryhdan belli bolşy ýaly, seljuklar ykdysadyýeti, medeniýeti ösdürip, taryhda şöhrat gazanypdyrlar.
Seljuklaryň döwleti dolandyran ýyllarynda medeniýet we sungat gülläp ösüpdir. Şol döwrüň belli şahslary bolan Fahreddin Gürgeni, Hasan Gaznaly, Abdal Wasy, Emir Muezzi, Enweri ýaly meşhur edebiýatçylar köşkde işläpdirler. Olar Seljuk şalarynyň döreden döwletlerini, olaryň ýurdy ösdürmek, halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlaryny wasp edipdirler.
Iki ýurduň döredijilik işgärleriniň we taryhçylarynyň arasynda geçirilen ylmy maslahatda şu ugurlar boýunça gürrüň edilip, häzirki döwürde iki ýurduň milli Liderleriniň tagallasy netijesinde bu işleriň nusgalyk derejä göterilýändigi barada aýtdylar. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylar Siwas şäheriniň Kangal etrabynyň gözel ýerlerinde gezelençde boldular.
Siwas şäheri taryhy ýadygärliklere örän baý künjek hasaplanylýar. Bu ýerde Seljuklar döwrüne, şeýle hem Osmanly döwletine degişli taryhy ýadygärlikler örän köp. Olardan görnüşi ýaly, bu künjegiň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Her bir ýadygärligiň özboluşly taryhy bolup, olar bilen ýakyndan tanşanyňda, orta asyrlaryň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny alamatlandyrýan baý maglumatlar açylýar. Munuň özi adamlaryň taryhy taýdan dünýägaraýşynyň açylmagyna, gadymy döwürlerde özara hyzmatdaşlyklaryň ösdürilendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Bu ugurlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, jemgyýetimiziň ruhy-medeni ösüşiniň ählitaraplaýyn ýokarlandyrylmagyna, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garalmagyna, türkmen halkynyň gadymy däpleriniň nesillerden nesillere geçirilmegine, özboluşly milli adatlaryň, ene diliň goralyp saklanylmagyna gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şeýle hem bu çäreler Türkmenistanyň halkara derejesindäki medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasaty netijesinde ýurdumyzyň wekiliýeti halkara derejesinde guralýan çärelere işjeň gatnaşýar. Bu ugurlar taryhy, sungaty, medeniýeti öwreniş, muzeý, şeýle hem ülkäni öwreniş we taryhy-medeni aýratynlyklary gorap saklamak ulgamlarynda hünärmenleriň hünär gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Gylyçmyrat Gurbanow,
žurnalist.