2018-nji ýylda tutuş dünýäniň jemi eksportunyň möçberi 19,228 trillion dollara deň boldy. Soňky 5 ýylyň dowamynda eksportuň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. “Central Intelligence Agency” guramasynyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda dünýäniň ähli ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň möçberi 135,2 trillion dollara barabar boldy. Şeýlelikde, eksport edilýän harytlar tutuş dünýäniň jemi içerki önüminiň 14,2 göterimini düzdi.
Şu sanymyzda dün­ýä­de iň köp eks­port ed­ýän ýurt­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris:
Hy­taý: 2018-nji ýyl­da eks­por­tu­nyň möç­be­ri 2,494 tril­li­on dol­la­ra deň bol­dy. Hy­taý bu ugur­da dün­ýä­de bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Eks­port ýur­duň da­şa­ry ýurt pul gir­de­ji­si­niň 80 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär. Eks­port ed­ýän pu­dak­lar­da 20 mil­lio­na go­laý adam iş­le­ýär. Onuň eks­port ed­ýän ha­ryt­la­ry­nyň sa­na­wy 50 mü­ňe deň­dir. Hy­taý dün­ýä­niň 182 ýur­dy bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýar.
ABŞ: 2018-nji ýyl­da­ky eks­por­tu­nyň möç­be­ri 1,664 tril­li­on dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. Eks­port ed­ýän esa­sy ha­ryt­la­ry: ne­bit önüm­le­ri, aw­tou­lag, uçar, di­ku­çar, ulag­la­ryň ätiýaçlyk şaýlary, der­man­ önümleri. ABŞ-dan iň köp ha­ryt sa­tyn al­ýan ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da öň­de­ba­ry­jy­lar Ka­na­da, Mek­si­ka, Ýa­po­ni­ýa we Ger­ma­ni­ýa­dyr.
Ger­ma­ni­ýa: 2018-nji ýyl­da eks­por­tu­nyň möç­be­ri 1,557 tril­li­on dol­la­ra de­ňe­çer bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň aý­ra­tyn ta­ra­py onuň eks­port ugur­ly bol­ma­gy­dyr. Ýur­duň hö­kü­me­ti soň­ky 10 ýyl­lyk­da go­wy ne­ti­je­ler ga­za­nyp, dün­ýä ba­za­ryn­da­ky or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry, hu­su­san-da, Fran­si­ýa we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, şeý­le hem ABŞ, Hy­taý, Hin­dis­tan we Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­rydyr.
Ýa­po­ni­ýa: 2018-nji ýyl­da eks­por­tu­nyň möç­be­ri 738,2 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Ýa­po­ni­ýa ulag se­riş­de­le­ri, elekt­ro­ni­ka we hi­mi­ki se­riş­de­le­ri­ni has köp eks­port ed­ýär. Eks­port bo­ýun­ça esa­sy hyz­mat­daş­la­ry: ABŞ, Hy­taý, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Taý­wan, Gon­kong.
Gol­lan­di­ýa: 2018-nji ýyl­da­ky eks­por­tu­nyň möç­be­ri 723,3 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. Esa­sy eks­port ed­ýän önüm­le­ri: hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ha­ryt­la­ry, et, ýy­la­dyş­ha­na­da ön­dü­ri­len gök önüm­le­r, gül­çü­lik önüm­le­ri we me­tal ha­ryt­lar. Esa­sy söw­da hyz­matdaş­la­ry: Ger­ma­ni­ýa, Bel­gi­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa we Fran­si­ýa.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy: 2018-nji ýyl­da eks­por­tu­nyň möç­be­ri 605,2 mil­liard dol­la­ra de­ňe­çer bol­dy. ABŞ bu ýur­duň esa­sy yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy­dyr. Şeýle-de Gün­do­gar ýurt­la­ry, esa­san hem Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri Ko­re­ýa­nyň esa­sy söw­da hyz­mat­da­şy­dyr. Ola­ryň ara­syn­da Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa we Sa­ud Ara­bys­ta­ny öňe saý­lan­ýar.
Gon­kong: 2018-nji ýyl­da eks­por­tu­nyň möç­be­ri 596,1 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Gon­kon­gyň da­şa­ry söw­da gat­na­şyk­la­ryn­da Hy­taý öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Ol esa­sy açyk port bo­lup, iri da­şa­ry ýurt ma­ýa­sy­nyň jem­le­nen ýe­ri­dir.
Fran­si­ýa: 2018-nji ýyl­da­ky eks­por­tu­nyň möç­be­ri 568,4 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. Eks­port ha­ryt­la­ry: ma­şyn­gur­lu­şyk, ulag, oba ho­ja­lyk we azyk, hi­mi­ýa önümleri.
Ita­li­ýa: 2018-nji ýyl­da eks­por­tu­nyň möç­be­ri 546,9 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Ita­li­ýa dün­ýä ba­za­ry­na aw­tou­lag, we­lo­si­ped, trak­tor, kir ýu­wu­jy ma­şyn­lar, so­wa­dy­jy­lar, ra­dioe­lekt­ro­ni­ka ha­ryt­la­ry, se­na­gat en­jam­la­ry, po­lat tur­ba­lar, plast­mas­sa, hi­mi­ki ýüp­lük­ler, aw­tou­lag te­ker­le­ri, taý­ýar önüm­ler, de­ri aýak­gap­lar, ma­ka­ron, peý­nir, zeý­tun ýa­gy, dür­li mi­we­ler we gök önüm­ler ýer­le­ýän iri döw­let­le­riň bi­ri­dir.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa: 2018-nji ýyl­da eks­por­tu­nyň möç­be­ri 487,1 mil­liard dol­la­ra de­ňe­çer bol­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa esa­san hem, bank we bro­ker, äti­ýäç­lan­dyr­ma we mas­la­hat be­riş hyz­mat­la­ry, ne­bit we ne­bit önüm­le­ri, luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Şeý­le hem ýurt­da ma­şyn­gur­lu­şyk, se­na­gat we hi­mi­ýa se­na­ga­ty ösen­dir. Bu ýur­duň önüm­le­ri­ni esasy sa­tyn al­ýan döw­let ABŞ-dyr.