Çehiýa Respublikasynyň ady resmi taýdan üýtgedildi. Mundan beýläk Gündogar Ýewropada ýerleşýän bu döwlet Çehiýa diýlip atlandyrylar. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Ýurduň hökümeti onuň adynyň resmi taýdan üýtgedilendigini Birleşen Milletler Guramasyna hem-de beýleki halkara guramalara habar berdi. Çehiýanyň hökümeti mundan ozal, bu barada karar kabul edipdi. Ýurduň Prezidenti Miloş Zeman, Premýer-ministri Boguslaw Sobotka, parlamentiň iki palatasynyň başlyklary ýurduň adynyň üýtgedilmegi babatda bilelikdäki beýanata gol çekdiler.
Ýurduň ady iňlis dilinde “Czechia” diýlip atlandyrylýar. Çehiýanyň radio ýaýlymynyň internet saýtyndaky habara görä, “Czechia” sözi ilkinji gezek 1634-nji ýylda ulanylypdyr. Iňlis dilinde bu söz 1841-nji ýylda peýda bolupdyr.
Çehiýa Respublikasy Çehoslowakiýanyň bölünmegi bilen aýratyn döwlet boldy. 1993-nji ýylda Çehoslowakiýa Çehiýa we Slowakiýa boldy.