Ýupiteri öwrenmek maksady bilen uçurylan “Juno” emeli hemrasy iň uly planetanyň orbitasyna girdi. Los-Anjelesdäki “Jet Propulsion Laboratory” laboratoriýasynda (JPL) bu barada metbugat işgärlerine maglumat berildi. Umumy bahasy 1,1 milliard dollar bolan bu taslamanyň çäklerinde 2011-nji ýylyň 5-nji awgustynda äpet enjam kosmosa uçurylypdy. Onuň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bolan 4-nji iýulda Ýupiteriň atmosferasyna girmegi meýilleşdiilip, şol senede uçurylypdy.
Ululygy basketbol meýdançasyna barabar bolan emeli hemra Gün ulgamynyň iň uly planetasynyň kosmiki gurluşyny, nädip dörändigini, içki gurluşyny, atmosferasyny we Gün ulgamynyň döreýşini öwrenmäge ýardam eder. Ol planetanyň daşyndan 20 aýyň dowamynda 37 gezek aýlanar. Onuň hereketlendirijisi Russiýada öndürilipdir. Emeli hemra Ýupiteriň magnitosferasyna gireninden soňra sesleri ýazga aldy. Planetanyň bu howa gatlagy emeli hemra üçin uly kynçylyk döretdi. Bu gatlak Ýupiteriň güýçli magnit täsiri netijesinde döreýär. Onda howada gaýyp ýören maýdaja daşlaryň köp mukdary bar. Bu bölejikler planetanyň ägirt köp mukdardaky gaz massasyny Günüň täsirinden goraýar. “Juno” bu gatlakdan geçeninde, her 2,5 inedördül santimetre ortaça, 16 bölejige degipdir. Ol bu ýerden geçýän mahaly ses ýazgysyny amala aşyrdy. Ol sesi planetanyň magnit meýdany bilen Günüň täsiri arkaly döreýän ýel emele getirýär.
Gün ulgamy
ýakyndan öwreniler
Ýupiter Ýerden 869 million kilometr uzakda. Taslama on üç tapgyrdan ybarat. Ýupiteriň orbitasyna ýerleşmek taslamanyň sekizinji tapgyryny emele getirdi. Onuň çäklerinde emeli hemra Ýupitere iň ýakyn nokada bardy we tizligi peseldilip, hereketlendirijisi otlandy. “Juno”-nyň orbita ýerleşdirilmegi 35 minutda tamamlandy. Ýangyç tankerinde bir müň 232 kilogram ýangyç bolan emeli hemra onuň 447 kilogramyny sarp etdi.
Astronomlar Ýupiteri öwrenmegiň Gün ulgamyny öwrenmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belleýärler.
Emeli hemra 27-nji iýulda indiki ýumuşyny ýerine ýetirip başlar. Ol planetanyň orbitasyndaky iň uzak nokada barar. Oktýabrda onuň hereketlendirijisi gaýtadan otlanar we 14 günläp orbitada hereket eder. Enjam ol ýerdäki ylmy barlaglarynyň çäklerinde planetadaky kislorodyň mukdaryny hem anyklar. Ol ýerde bar bolan kislorod planetadaky suw mukdaryny anyklamaga ýardam eder.
Ýere iň daşdaky planeta Gün energiýasy bilen işleýän ilkinji emeli hemra bolmagy bilen tapawutlanýan “Juno”, häzire çenli bir planetanyň orbitasyna iň gysga wagtda ýerleşdirilmegi bilen hem taryha adyny ýazdyrdy. Şeýle hem enjam Ýupiteriň radiasiýasyndan goranmak üçin titan bilen gaplandy.
Kosmos gämisi 2018-nji ýylyň 20-nji fewralynda öz işini tamamlar. Bu senede ol Ýupitere gondurylar we ýanyp ýok bolar.
Bäş ýylyň dowamynda Gün ulgamynyň iň uly planetasyna barmak üçin 2,8 milliard kilometr ýol külterlän “Juno” özüne ynanylan “ýumşuny” tamamlaýança, 3,4 milliard kilometr ýol geçer. Häzire çenli bu planeta ugradylan enjamlar ýüzleý ylmy barlaglara gatnaşdy. “Juno” bu planetany has ýakyndan öwrenmäge ýardam eder. Enjam ýerden buýruk bermezden, ähli işlerini özbaşdak eder ýaly edip taýýarlandy.