Is­len­dik da­şa­ry ýurt di­li­ni bil­mek di­ňe bir şol dil­de gep­leş­ýän­ler bi­len dü­şü­niş­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­ret­män, eý­sem, tä­ze bir me­de­ni­ýe­ti hem öw­red­ýär. Se­bä­bi “Dil öw­re­nil­me­ýär, me­de­ni­ýet öw­re­nil­ýär” diý­len jüm­le bar. Bu ha­ky­kat­dan hem şeý­le. Is­len­dik mil­le­tiň di­li öw­re­ni­len­de, şol mil­le­tiň däp-des­sur­la­ry, aş­ha­na­sy, ýur­du­nyň te­bi­ga­ty hem öw­re­nil­ýär. El­bet­de, bir dil­i su­wa­ra bilmek de­re­je­de öw­ren­mek aň­sat däl. Em­ma dil öw­ren­me­giň has aň­sat ýol­la­ry bi­lin­se, ol si­zi ýa­dat­maz.
Otuz­dan gow­rak dil bil­ýän Ri­çard Sim­kot dil öw­ren­mek­de iň esa­sy za­dyň özü­ňiz üçin amat­ly usu­ly tap­mak­dy­gy­ny we yzy­gi­der­li­lik­di­gi­ni bel­le­ýär. Şeý­le hem Sim­kot her hi­li ýag­daý­da hem ruh­dan düş­me­li däl­di­gi­ne ün­si çek­ýär. Her kim bir mak­sat bi­len dil öw­ren­mek is­le­ýär – ki­m­si bir ýur­da git­mek üçin, ki­m­si iş üçin, ki­m­si şol di­li go­wy gör­ýän­di­gi üçin. Il­ki bi­len, haý­sy di­li, nä­me mak­sat bi­len öw­ren­mek is­le­ýän­di­gi­ňi­zi kes­git­läň. Soň­ra şol dil­de iň köp ula­nyl­ýan 100 sö­zi ýat tu­tup, söz­lem için­de ulan­ma­gy öw­re­niň. Dil öw­ren­megiň tä­sir­li usul­la­rynyň bi­ri su­rat hem-de ses ar­ka­ly öw­ren­mek ha­sap­lan­ýar. Mu­nuň üçin hä­zir­ki wagt­da giň­den peý­da­la­nyl­ýan smart­fon­lar ar­ka­ly de­giş­li prog­ram­ma­la­ry ýük­läp, şo­lar­dan peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Bu prog­ram­ma­lar söz­le­riň aý­dy­ly­şy­ny hem öw­red­ýär. Tä­ze öw­ren­ýän di­li­ňiz dur­mu­şy­ňy­zyň bir bö­le­gi­ne öw­rül­se, ol has çalt öz­leş­di­ri­ler. My­sal üçin, ýol­da bar­ýar­ka­ňyz, aw­tou­lag­da ýa-da jem­gy­ýet­çi­lik ula­gyn­da şol dil­dä­ki au­dio­tekst­le­ri ýa-da au­dio­ki­tap­la­ry diň­läp bi­ler­si­ňiz. Şeý­le hem ýö­ri­te dil öw­ret­mä­ge ni­ýet­le­nen gep­le­şik­le­riň hem ýaz­gy­la­ryn­dan peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Öý goş­la­ry­ňy­zyň äh­li­si­niň ady­ny ýö­ri­te ýa­pyş­ýan ka­gyz bö­lek­le­ri­ne ýazyp ola­ryň üs­tü­ne ýa­pyş­dy­ryň! Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu usu­ly ça­ga­la­ry­ňy­zyň dil der­sle­rin­de hem ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Ýat­maz­dan öň, gü­nüň do­wa­myn­da öw­re­nen söz­le­ri­ňi­zi we söz dü­züm­le­ri­ni gaý­ta­laň! Bel­lik dep­de­ri tu­tup, oňa tä­ze öw­re­nen söz­le­ri­ňi­zi, öw­ren­mek is­le­ýän söz­le­ri­ňi­zi we söz­lem­le­riňizi ýa­zyň! Dil öw­ren­me­giň yzy­gi­der­li­lik ta­lap ed­ýän­di­gi­ni we mu­ny ýa­da­maz­dan öw­ren­me­giň özü­ňi­ze bag­ly­dy­gy­ny unut­maň! Öw­ren­ýän di­li­ňi­ze de­giş­li film­le­re to­ma­şa et­mek dil öw­ren­me­gi aň­sat­laş­dy­rar. Fil­me to­ma­şa ed­ýän ma­ha­ly­ňyz öw­re­nen söz­le­ri­ňi­ze ga­bat gel­se­ňiz, ola­ry bel­lik ediň! Şeý­le hem öz gy­zyk­lan­ýan za­dy­ňyz bi­len bag­ly ki­tap­la­ry oka­mak ýa-da fil­me to­ma­şa et­mek hem dil öw­ren­me­gi­ňi­zi ýe­ňil­leş­dir­ýär. My­sal üçin, fut­bo­ly ha­la­ýan bol­sa­ňyz, şol dil­dä­ki fut­bol du­şu­şy­gy­na to­ma­şa ediň. Na­har bi­şir­me­gi ha­la­ýan bol­sa­ňyz şo­ňa de­giş­li gep­le­şik­le­re to­ma­şa ediň! Müm­kin bol­sa, şol mil­let­den bi­ri bi­len gep­le­şip gö­rüň! Öw­re­nen da­şa­ry ýurt di­li­ňiz­de gep­le­şil­ýän ýur­da sy­ýa­hat et­mek, ony gün­de­lik dur­muş­da ulan­ma­ga we nä­de­re­je­de öw­re­nen­di­gi­ňi­zi bar­la­ma­ga ýar­dam eder.