Dürli ugurlarda ulanylýan emeli aňy has hem kämilleşdirmek isleýän hünärmenler Rubigiň kubjagazyny çözüp bilýän emeli aňy işläp taýýarladylar. Bu ylmy işiň emeli aň ulgamlarynyň netije çykaryp bilmek, meýilnamalaşdyrmak ukybyny görkezýändigi bellenilýär. Haýsydyr bir maglumat ýa-da adamyň goşandy bolmazdan, bu tapmaçany çözýän algoritma “DeepCubeA” diýlip atlandyrylýar. Bu algoritmany Kaliforniýa uniwersitetiniň matematikleri we kompýuter hünärmenleri işläp düzüpdir. Bu uniwersitetiň professory, ylmy barlag baradaky makalanyň awtory Pýer Baldi häzire çenli emeli aňyň dünýäniň iň çylşyrymly küşdünde ýeňmegi başarandygyny, emma Rubigiň kubjagazy ýaly has kyn tapmaçalary kompýuteriň çözmändigini belleýär. Professor Rubigiň kubjagazynyň çözülmeginiň simwolikidigini, emma bu ugurdaky esasy ädimleriň biridigini aýdýar.
Hünärmenler “DeepCubeA”-nyň berlen ähli meseleleri çözendigini we olaryň 60 göteriminiň çözgüdine iň gysga ýoldan barandygyny belleýär. Olar bu barlaglaryň esasy maksadynyň täze nesil emeli aň ulgamlaryny döretmekden ybaratdygyny aýdýar.